Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak barada Kanuna gol çekdi.
Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr neşiri habar berdi.
Bu Ylalaşyga 2023-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde gol çekildi.
Resminamanyň esasy maksady özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekden, ýurtlaryň arasynda ýolagçy we ýük daşamak hyzmatlaryny ösdürmekden ybaratdyr.