"Türkmenistan howaýollarynyň" türkmen raýatlaryny alyp barýan uçary gyssagly ýagdaýda Minsk aeroportuna gondy

"Türkmenistan howaýollarynyň" türkmen raýatlaryny alyp barýan uçary gyssagly ýagdaýda Minsk aeroportuna gondy

"Türkmenistan howaýollary" kompaniýasynyň 8-nji aprelde Minskden Türkmenabat şäherine uçan uçary gyssagly ýagdaýda Minsk howa menziline gaýtadan gondy.Boeing 737-82K belgili uçar uçuşy amala aşyrandan bir sagat geçmänkä gondy.

Uçaryň gyssagly gonmagynyň sebäbi resmi taýdan düşündirilmedi.Emma T5784 reýsindäki birnäçe ýolagçynyň ekipaž agzalarynyň birine salgylanyp, Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, uçaryň ganatlarynyň birindäki näsazlyk onuň gyssagly gonmagyna sebäp bolan bolup biler. Ýöne şol bir uçar 9-njy aprelde ýary gijeden soňra Türkmenistana uçdy we Türkmenbaşy şäherine gonup, soňra Türkmenabada uçdy.

“Flightradar” gullugynyň habaryna görä, “Türkmenistan howaýollarynyň" T5784 belgili reýsi ýerli wagt bilen sagat 19:38-de Minsk aeroportundan uçdy. Uçarda 150 töweregi ýolagçy bardy. Emma takmynan 7300 metr belentlikde uçar peselip başlady we ol yzyna uçdy. Sagat 20:33-de Boeing 737-82K belgili uçar Belarusyň paýtagtyndaky howa menzile gyssagly gondy, ýagny uçar 55 minut howada boldy.

"Türkmenistan howaýollary" kompaniýasy gyssagly gonuş barada resmi düşündiriş bermedi. Azatlyk awiakompaniýanyň Minskdäki wekilhanasyna jaň edip, habarlaşyp bilmedi.

Emma uçaryň gyssagly gonmagynyň yz ýany, Azatlyga T5784 belgili reýsdäki birnäçe ýolagçy bilen habarlaşmak başartdy. Olaryň sözlerine görä, ekipaž agzalarynyň biri uçaryň "ganatynyň çatlandygyny" öňe sürdi. Ýöne näsazlygyň haýsy ganatda ýüze çykandygyny anyklamak başartmady. Şeýle bolan ýagdaýynda-da, görnüşinden, näsazlyk düzedilen ýaly bolup görünýär. Dört sagat soň, sagat 12:33-de şol uçar Türkmenistana uçdy.

Emma ilkibada Türkmenabat şäherine meýilleşdirilen uçuş Türkmenbaşynyň aeroportuna aralyk gonuş bilen amala aşyryldy. “Flightradar” gullugynyň habaryna görä, uçar ýerli wagt bilen sagat 6:02-de Türkmenbaşa gondy. Şol ýerden bolsa sagat 11:39-da, ýagny bäş ýarym sagatdan gowrak wagt geçensoň, Türkmenabat şäherine uçdy.

Uçaryň Türkmenbaşynyň aeroportuna gonmagyna nämäniň sebäp bolandygy entek belli däl. Şeýle-de, ýolagçylaryň Türkmenbaşyda uçardan düşendigi ýa bu ýerden Türkmenabat şäherine äkidilendigi hem entek belli däl.Uçar Türkmenistana baranyndan bäri onuň ýolagçylary bilen habarlaşyp bolmady.

Şeýle-de, guýrugynyň hasaba alyş belgisi EZ-A017 bolan Boeing 737-82K belgili uçaryň 8-nji aprelde Türkmenistandan uçandygyny hem bellemelidiris. Bu uçar ilki Moskwanyň Domodedowo aeroportuna gondy we bu ýerden Minske uçdy.

Türkmenistan koronawirus pandemiýasynyň yglan edilmegi bilen ilteşikli 2020-nji ýylyň mart aýynda ähli halkara gatnawlary ýatyrdy.Bu bolsa, Türkmenistanyň daşynda galan on müňlerçe türkmen raýatynyň öz watanyna dolanmak mümkinçiliginden mahrum bolmagyna sebäp boldy. 2020-nji ýylyň awgustynda Türkmenistan öz raýatlaryny ýurduna getirmek boýunça gatnawlary gurnap başlady.

Bu uçar gatnawlary esasynda raýatlar esasan Türkmenabat şäherine getirilýär we şol ýerde 21 gün karantinde saklanylýar.Türkmenbaşynyň aeroportuna uçar gatnawlary seýrek amala aşyrylýar.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleri tarapyndan gurnalýan uçar reýsleriniň sany raýatlaryň islegini kanagatlandyrmaýar. Dürli ýurtlardaky türkmen ilçihanalary tarapyndan düzülen sanawlarda azyndan ýüzlerçe adam bar, olaryň käbiri iki ýyla golaý wagt bäri öz nobatlarynyň ýetmegine we Türkmenistana dolanmaga garaşýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi
"Türkmenhowaýollarynyň" ýolagçy uçary Marynyň asmanynda 5 sagat aýlandy we Aşgabada gaýdyp geldi
Türkmenistanyň prezidentiniň uçary Adlerde gondy (üsti ýetirilen)
"Türkmenistanyň" ýene bir uçary Minske baryp gaýtdy, ozakysynyň gyssagly gonmagyna galp bomba howpy sebäp boldy
Çeşmeler: Stambulda aktiwistleri ýenjenler Türkmenistanyň MHM işgärleri
Türkmenistana Boenig-777-300ER täze ýolagçy howa gämisi getirildi