Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär

Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi Jeffri Paýettiň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.

7-nji noýabrda bolan duşuşykda taraplar esasan hem söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika we beýleki ugurlarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň konstruktiw häsiýetini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Amerikan tarapy Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyndan bäri Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanan üstünliklerine ýokary baha berdi.

Jeffri Paýett Türkmenistanyň amerikan kompaniýalary Tetrotech we Deloitte bilen howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly başlangyçlary we taslamalary durmuşa geçirmekde üstünlikli hyzmatdaşlygyny belläp geçdi.

Taraplar Bakuda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň 29-njy maslahatynyň (COP29) gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy has hem berkitmek barada ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Energetika serişdeleri boýunça kömekçisi bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi
ABŞ ekologiýa babatda Türkmenistanyň gazananlaryna ýokary baha berdi
USAID Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirýär
ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda Saýlaw Ýene-de Netijesiz Boldy
Wekiller palatasynyň täze spikeri
Prezident Erdogan ABŞ-nyň Döwlet sekretaryny kabul etdi