Türkmenistan Hindistanyň goldawy bilen Günorta-Gündogar Aziýa haryt iberip biler

Türkmenistan Hindistanyň goldawy bilen Günorta-Gündogar Aziýa haryt iberip biler

Hindistanyň goldawy bilen Türkmenistan öz harytlaryny Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna ibermek üçin mümkinçilik alyp biler. Muny India Ports Global Limited hindi kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri Sunil Mukundan mälim etdi.

Mukundan bu barada Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi doktor Widhu Pithambaran Nair bilen bilelikde Golos SNG onlaýn radiosyna beren ýörite interwýusynda aýtdy. Ol öz interwýusynda Türkmenistan bilen ulag-üstaşyr, söwda-ykdysady ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada gürrüň berdi.

Mukundan, Aşgabatda geçirilen Halkara ulag we üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş —2023 forumynyň Çabahar porty we Türkmenistanyň ulag edaralary üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryny tapmaga örän oňyn itergi berendigini aýtdy. Ol hindi kärdeşleriniň türkmen önümleriniň köp görnüşini satyn almak, şeýle hem hindi önümlerini Türkmenistana ibermek bilen gyzyklanyp biljekdigine ynam bildirdi.

Şu nukdaýnazardan, Mukundan hindi tarapynyň Türkmenistan üçin aragatnaşyk hyzmatlaryny berip biljekdigini, türkmen ýük akymynyň Günorta-Gündogar Aziýanyň ýurtlaryna we Hindistanyň üsti bilen ondan hem aňryk ýetip biljekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

TNGIZT-da wodorod öndürýän desga gurmak meýilleşdirilýär
“Aýdyň gijeler” kompaniýasy kabel önümçiligini ýola goýdy
SNGIZ Özbegistana 1,300 tonna ýol bitumyny eksport etdi
Etraplarda durmuş işi boýunça ýörite hünärmen iş alyp barar
SNGIZ 162,8 müň tonna nebiti gaýtadan işledi
Türkmenistanda LADA zawodyny açmak teklip edilýär