Türkmenistan Hereketleriň Wena Maksatnamasy boýunça duşuşyga gatnaşýar

Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena Maksatnamasyna syn bermeklige bagyşlanan ýokary derejeli Dialoga gatnaşýar.

22-23-nji awgustda Taýlandyň Bangkok şäherinde geçirilýän bu çäre BMG-niň wekillerini, Ýewropanyň Ykdysady Komissiýasynyň, Aziýa we Ýuwaş ummany üçin Ykdysady we Durmuş Komissiýasy (ESCAP) ýaly guramalaryň, şeýle hem Ýewraziýa sebitiniň ýurtlarynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi diýip, ORIENT habar berýär.

Hereketleriň Wena Maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, kynçylyklar, üstünlikler we bu ugurdaky öňdebaryjy tejribe, geljekki on ýyl üçin syýasaty we anyk başlangyçlary goşmak bilen esasy teklipleri işläp düzmek duşuşygyň gün tertibinden orun aldy.

Dialoga gatnaşanlar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlardaky we olaryň üstaşyr goňşularyndaky üstaşyr geçişi gowulandyrmak we söwdany ýeňilleşdirmek boýunça öňegidişlik, kynçylyklar, mümkinçilikler we öňdebaryjy tejribeler barada pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary Batyr Annaýew ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleriniň çygrynda ýurtda durnukly ulag we sanly aragatnaşygy döretmek, elektron hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagy we pudaklaryň tehnologiki üýtgemegi barada çykyş etdi.

Ol öz hasabatynda ulag diplomatiýasyna we Türkmenistanyň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornuny berkitmegine aýratyn üns berdi.

Türkmenistanyň Transport we aragatnaşyk gullugynyň baş müdiriniň orunbasary hem ýygnaga gatnaşyjylara ýurtda elektron ulag resminamalarynyň ösýän milli ulgamy, internet giňişliginde içerki bazary intensiw giňeltmek yzarlaýyş ulgamlary we onlaýn tölegler, sebitleýin maglumat alyş-çalyş ulgamynyň emele gelmegi barada maglumat berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine işjeň taýýarlyk görýär
24-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyny guramak meýilleşdirilýär
ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda Möhüm minerallar boýunça C5+1 görnüşindäki dialogyň ilkinji mejlisi geçirildi
Putin älem giňişligine ýadro ýaraglarynyň ýerleşdirilmegine garşydyklaryny aýtdy
23-nji fewralda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär