Türkmenistan Hazarüsti taslamasyny ilerledýär. Ekspertler Aşgabadyň Russiýadan alada galýandygyny’ aýdýar

Türkmenistan Hazarüsti taslamasyny ilerledýär. Ekspertler Aşgabadyň Russiýadan alada galýandygyny’ aýdýar

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny ýene gün tertibine getirip, bu ugurda ýewropaly hyzmatdaşlar bilen özara gatnaşygy dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy. Bilermenler Aşgabat bu mesele boýunça gyssagly herekete geçmese, onda bu taslamanyň düýbünden amala aşman biljekdigini duýdurýarlar.

Türkmenistanyň öz gazyny Ýewropa akdyrmaga mümkinçilik berjek taslama gaýtadan açyk gyzyklanma bildirip başlamagy, görnüşinden, Russiýanyň Aşgabat, hususan-da onuň energiýa resurslary babatynda dyzmaçlyk görkezýändigi aýdylýan döwrüne gabat gelýär.

Ukraina garşy esassyz urşy alyp barýan Moskwa, halkara sanksiýalaryndan soň, özüniň gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagalla edýar.

12-nji awgustda Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabadyň Hazarüsti geçirijisine diňe bir ykdysady ýa söwda esaslanýan taslama hökmünde däl, eýse energiýa serişdelerini öndürijileriň, sarp edijileriň we daşaýjylaryň bähbitleriniň we peýdasynyň deň tutulmagy esasynda, global energiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek boýunça esasy şert hökmünde garaýandygyny belledi.

Türkmen baş diplomaty Awazadadaky “Hazar deňzi - parahatçylyk we dostluk deňzi” maslahatynda eden çykyşynda, Hazaryň hukuk durumy boýunça Konwensiýanyň kabul edilmeginden bäri bäş ýyl töweregi wagt geçen bolsa-da, bu ugurda göze ilerlik netijeleri nygtap bilmeýändigini hem sözüne goşdy. 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde ylalaşylan bu Konwensiýada, şol sanda Hazarüsti taslamasynyň çekilmegi bilen ilteşikli kanuny ýagdaýlar hem bellenip geçilipdi.

Türkmen häkimiýetleri soňky bir aýyň içinde, uzak wagtdan bäri gürrüňi ýatan Hazarüsti taslamasyny ençeme gezek gün tertibine getirdi.

Resmi ýagdaýda bular ýurduň ýangyç eksport ugurlaryny köpeltmek tagallalary bilen düşündirilýär.

Ýöne synçylar munuň Hazarüsti proýektini oňlaman gelýän Russiýanyň Türkmenistan, esasan hem onuň energiýa serişdeleri babatynda gyzyl çyzygy’ geçen bolmagynyň mümkindigi bilen düşündirýärler. Ýogsa, Moskwanyň Ukrainadaky urşundan soň, Türkmenistan Russiýa bilen syýasy arenada has ýakynlaşdy we ony özüniň strategiki hyzmatdaşy’ atlandyrdy.

Türkmenistanyň energiýa pudagyny ýakyndan yzarlaýan, energiýa howpsuzlyk meseleleri boýunça bilermen Jon Roberts, golaýda türkmen resmileriniň Moskwanyň Merkezi Aziýa Hytaý gaz geçirijisiniň üsti bilen rus gazynyň eksportyny artdyrmak meýillerine alada bildirmegine ünsi çekdi.

“Bu juda we juda geň galdyryjy boldy.Sebäbi türkmenleriň bu beýanatda ulanan diline üns bermeli.Onda türkmen tarapy Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagyndaky üçtaraplaýyn gaz birleşigi’ diýilýän boýunça özi bilen geňeşmeleriň geçirilmändigini’, bu çemeleşmäniň özi üçin düşnüksiz we kabul ederliksizdigini’ aýtdy.

Aşgabat munuň halkara hukugynyň kadalaryna çaprazdygyny hem belledi.Bulary aýtmak üçin hakykatdanam örän agyr dil ulanyldy.Bu ýagdaýlarda Türkmenistanyň Russiýa babatynda örän uly bir aladasynyň bardygy anyk.

Emma munuň takyk nämedigini aýdyp biljek däl.Emma türkmenler häzirki wagta ruslardan juda we juda nägile” diýip, Roberts 15-nji awgustda Azatlyga gürrüň berdi, şeýle-de Aşgabadyň Hazarüsti taslamasy boýunça beýanatlaryny ýygjamlaşdyrmagynyň hem bu aladalar bilen bagly bolmagynyň mümkindigini sözüne goşdy.

Türkmenistan Hazarüsti taslamasy arkaly Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňry hem, Ýewropa ýurtlaryna ýylda 30 milliard kub metr tebigy gaz eksport etmäge isleg bildirip gelýär.

Ýöne energetika ekspertleri häzirki bar bolan gaz geçiriji infrastrukturalary bilen munuň mümkin däldigini, üstesine köp mukdarda türkmen gazyny Azerbaýjandan aňry Ýewropa ibermek üçin täze gaz geçirijilere zerurlygyň bardygyny aýdýar.

Galyberse-de, bu taslamanyň bir tarapy bolmaly Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew milliardlarça dollara durjakdygy çaklanylýan bu proýektiň maliýe meselesine hem ünsi çekdi. 21-nji iýulda eden çykyşynda ol taslamany maliýeleşdirjek taraplar mälim bolmazdan, onuň durmuşa geçirilmegini sorag astyna aldy.

“Siziň hem oňat bilişiňiz ýaly, ýewropa banklary indi gazylyp alynýan ýangyç taslamalaryny maliýeleşdirmegi bes etdi. Şol sebäpden, bu babatda möhüm serişdeleri toplamak kyn bolar” diýip, azeri prezidenti belledi.

Munuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň özüniň öňe sürýän Hazarüsti taslamasy boýunça gyssagly herekete geçmese, onda Aşgabadyň Ýewropanyň energetika bazary ugrundaky bäsleşikde yza galjakdygy duýdurylýar.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky ozalky ilçisi, häzir Trans-Caspian Resources başlangyjynyň esaslandyryjylarynyň biri we egindeş başlygy Allan Mastard, eger-de Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň gazyň alternatiw çeşmelerini taýpança hereket edip başlamasa, onda Hazarüsti gaz gaçiriji proýektiniň durmuşa ykypsyz boljakdygyny aýtdy. Mastardyň bu babatda “mümkinçilikler penjiresiniň barha ýapylýandygy” baradaky bellikleri 14-nji awgustda Azerbaýjanyň Trend neşirinde çap boldy.

Ol hususanda Arkadag şäheriniň gurluşygyna milliardlarça dollar çykaran türkmen hökümetiniň, Kaspidäki degişlilikdäki kiçi turbageçiriji proýektini maliýeleşdirmäge ukyplydygyny hem belläp geçdi.

Emma bu ýerde gürrüň doly Hazarüsti gaz geçiriji proýekti barada gitmeýär. Munuň deregine Azerbaýjanyň Azeri-Çirag-Güneşli ofşor gaz ýataklary bilen Türkmenistana degişli Banka Liwanowa gaz ýatygyny birleşdirjek sepleýji turba barada gürrüň edilýär. Muny takyklaşdyrýan “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri bu proýektiň bahasynyň 400-600 million dollar aralygynda çaklanýandygyny belleýär.

“Türkmenistan şeýle-de noldan akylly şäheri’ gurýar. Onuň bahasy 4,8 milliard dollar boljakdygy çaklanylýar. Ýarym-milliard dollarlyk geçiriji proýektiniň bahasy, gürrüňsiz, Türkmenistanyň maliýe mümkinçilikleriniň çäginde ýerleşýär. Bu proýektiň getirjek girdejileri göz öňünde tutulanda, bu oýlanyşykly [ýatyrylan] sermaýa bolardy” diýip, Trend neşiri Mastardyň sözlerini getirýär.

Energiýa bilermeni Roberts bu gürrüňi gidýän proýektiň oňaýly netijeleriniň bolup biljekdigini, emma Türkmenistanyň bu ugurda oňaýly beýanatlar’ bilen birlikde, oňaýly herekete’ hem geçmeginiň zerurdygyny nygtady. Ol Aşgabat häzir pursady elden gidirse, onda Hazarüsti proýektiniň, umuman, galyp biljekdigini duýdurdy.

“Munuň öz sebäpleri bar. Ýewropa häzir bir wagtda iki mesele bilen ýüzbe-ýüz bolup dur.Bularyň birinjisi, [rus prezidenti Wladimir] Putiniň Ukraina çozup, urşy başladandan soň, Ýewropada dörän gaz ýetmezçiligi bilen bagly.

Ikinjisi hem, klimatyň üýtgemegi sebäpli zyýanly ýangyçlaryň harçlanmagyny azaltmak meselesi. [Energiýa çeşmesi hökmünde] gazy ulanmak tendesiýasy gitdigiçe peselýär.Bu ýagdaýlarda, Türkmenistan ýaly täze üpjünçi [Ýewropanyň energetika bazaryna] girmekçi bolsa, ol muny edil häzirki pursat amal etmeli” diýip, Roberts Azatlyk bilen söhbetdeşlikde belledi.

Käbir ekspertler, aslyýetinde, Türkmenistanyň Hazarüsti taslamasynyň amala aşmagyna gyzyklanma bildirmýändigini, munuň deregine bu barada gürrüň edip, halkara arenasynda özüniň aktuallygyny saklamak isleýändigini aýdýarlar.

Türkmenistan häzirki wagtda özüniň daşary ýurtlara iberýän mawy ýangyjynyň agramly bölegini Hytaý ugry boýunça eksport edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ekspert: Türkmenistan Günbatara gaz ibermegiň mümkinçiliklerine 'çynlakaý' çemeleşip başlady
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Diňle: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar - Roberts
Roberts: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar
Aşgabat Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana tebigy gaz ibermegi 'wagtlaýyn' bes etdi. Näme üçin?
ABŞ ilçisi Aşgabadyň nebitgaz eksportlaryndaky diwersifikasiýa tagallalaryna oňyn baha berdi