Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 5-nji maýda geçen mejlisinde hökümet başlygynyň orunbasary batyr Atdaýew Hazar deňziniň kenarýakasynda topragy arassalamak boýunça teklip edilýän taslama barada hasabat berdi. “Bu işi “Gazyk” hususy kärhanasyndan, “Hazar Balyk” açyk paýdarlar jemgyýetinden hem-de Beýik Britaniýanyň “Global Ecological Ventures” kompaniýasyndan ybarat konsorsium ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär” diýip, TDH habar berýär.
Ekologiýany we adam hukuklaryny goraýan “Crude Accountability” guramasynyň 2013-nji ýylda çap eden hasabatynda Hazardaky nebit burawlarynyň nebit dökýändigi hakynda faktlar getirildi.
“Biziň derňewlerimiz Hazaryň türkmen sektorynda, 1-nji we 2-nji Bloklaryň raýonynda, “Petronas” we “Dragon Oýl” kompaniýalarynyň işleýän ýerlerinde hemişe nebitiň syzýandygyny görkezýär. Bu hili nebit syzmasynyň on iki ýylyň dowamynda nähili ýagdaýda bilinmän we hasaba alynman galdyrylyşy syr bolup durýar” diýip, “Crude Accountability” guramasynyň ýerine ýetiriji direktory Keýt Wotters aýtdy.
Şeýle-de, Ylmy ösüşlere ýardam boýunça Amerikan bileleşiginiň direktory Sýuzan Wolfinbarger, Hazaryň kenar ýakasynyň hemradan alnan fotosuratlaryny öwrenip, Kaspi deňzindäki we Türkmenbaşy aýlagyndaky buraw platformalarynyň golaýynda nebit syzmasyny alamtlandyrýan şekilleriň ýzlerçesiniň ýüze çykarylandygyny aýtdy.