Türkmenistan hasyl toýuny belledi, daýhanlar döwlete ýene bergili galdy

Türkmenistan hasyl toýuny belledi, daýhanlar döwlete ýene bergili galdy

Ýekşenbe güni Türkmenistanda Hasyl baýramy bellendi. Resmi çykyşlarda oba hojalygyna uly üns berilýändigi, döwrüň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygy we onuň netijeli pudaga öwrülendigi bellendi. Emma oba hojalygynda agyr zähmet çekýän daýhanlaryň şu günler başdan geçirýän aladalary düýpden agzalmady.

Balkan welaýatynyň daýhanlary öz professional baýramçylygyny pagta meýdanlarynda geçirdiler we öz resmi dynç güni entek doly toplanmadyk hasyly ýygnamaga mejbur boldular.

Şeýle-de, kärendeçileriň uly bölegi ýetişdirip, döwlete tabşyran pagtasy üçin bergili galyp, baýramçylyk gününi prokuraturada geçirmeli boldular.

Azatlygyň Balkandaky habarçysynyň we çeşmeleriniň 10-njy noýabrda beren maglumatlaryna görä, pagta ýygym heniz dowam edýän hem bolsa, pagta hasylynyň uly bölegini döwlete tabşyran ýerli daýhanlaryň ençemesi plany dolman, bergidar çykandygyny bilip galypdyr.

"Hut şu gün Bereket etrabynda prokurorlar bergidar çykan pagtaçy daýhanlardan baýram güni döwlete bergisini tölemegini talap edip, irdenden bäri basyş edýärler" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri 10-njy noýabrda gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, etraply daýhanlardan bahar aýlarynda döwletden alan tohumluk çigidi we tehnika ýaly zerurlyklar üçin alnan tutumlar aşa uly bolupdyr. Sebäbi adaty bolmadyk howa şertleri, şol sanda ýagynlar ekinleri zaýalap, birnäçe gezek ekip, hasyly halas etmek üçin zerur işler gymmada düşüpdir.

Bahar we tomus aýlarynda daýhanlaryň häkimiýetlerden kömek sorap, birnäçe gezek ýüzlenendigi mälim bolupdy. Kärendeçiler indi bolsa, ýardam bermekden ýüz öwüren häkimiýetleriň agyr zähmet çekip, hasyly döwlete tabşyran, emma girdejisiz galan daýhanlary dörän problemalarda günäleýändigini belleýärler.

"Güýçli ýagan ýagyşdan we sil suwlaryndan üç sapar gaýta ekilen pagtany ýetişdiren, wagtynda hatar ara tehniki kultiwator bejergisini we dökün meselesini özbaşdak çözmäge dyrjaşan dahanlar. Emma şol ýagdaýlary görmedik we tomus aýlarynda suw meselesi ýüze çykanda daýhanyň sesini eşitmedik kanun goraýjy we prokuratura işgärleri şu gün daýhanlaryň beter egninden basmaga howlugýarlar" diýip, balkanly kärendeçi aýdýar.

Kärendeçileriň derňewe çekilýändigi şu aýyň başynda mälim bolupdy. Azatlygyň habarçylary Balkan welaýatynyň Bereket, Gyzylarbat etraplarynda gowaça ekip, bergili çykan kärendeçileriň jogapkärçilige çekilýändigini, derňew işleriniň açylyp başlanandygyny habar beripdi. Şonda türkmen prezidenti Hasyl toýuny ýokary gurmaçylykda geçirmegi tabşyrypdy.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen balkanly çeşmeleriň sözlerine görä, prokuraturanyň işgärleri bergidar kärendeçilere bergisini üzlüşmek üçin çarşenbe gününe çenli wagt beripdir.

"Daýhanlara çarşenbe gününe çenli möhlet berdiler, bolmasa işiňi kazyýete geçirip, suduň üsti bilen gara sanawa goşarys diýýärler. Şeýle-de, Migrasiýa tabşyryp, daşary ýurda 10 ýyl çykmaz ýaly ederis diýip, daýhanlara haýbat atýarlar" diýip, çeşme aýdýar.

Şu ýylyň başyndan döwlete tabşyrylýan pagtanyň we bugdaýyň nyrhy ýokarlanypdy. Emma ýyllarboýy zordan gün görýän daýhanlar mundan beýläk girdeji almak umydynyň puja çykandygyny aýdýarlar sebäbi paýtagtyň satyn alynyş nyrhynyň göterilmegi bilen döwletiň daýhanlara satýan döküniň we berýän tehnikasynyň bahasy hem birnäçe esse artypdyr. Bularyň hemmesi daýhanlaryň döwlete bergidar bolmagyna getiripdir.

"Döwlet borçnamasyny ýerine ýetiren daýhanlaryň sany 20 göterimden geçmeýär. Bereketli pagtaçylaryň 30 göterimi plany dolmasa-da, karzyny ýapdylar. Galan 50 göterimi bergili galdy" diýip, ýerli çeşmeleriň ýene biri gürrüň berdi.

Daýhanlar pes hasylyň sebäpleriniň ýene biriniň suw ýetmezçiligi bilen baglydygyny aýdýarlar.

Hasyl baýramy sekiz ýyl bäri milli baýramçylyk hökmünde bellenýär. Bu sene şu ýyl hem paýtagtda we welaýatlarda uly dabaralar, aýdym-sazly çykyşlar we oba hojalyk önümleriniň sergisi bilen bellendi. Emma pagta hasylynyň mukdary agzalmady.

Türkmenistanda pagta plany ençeme ýyl bäri üýtgewsiz galýar we 1 million 250 müň tonna diýlip kesgitlenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Balkanda bugdaý meýdanlaryny pişikguýruk basýar
'Hormatly Prezident' propagandasy bugdaýy däl, 'dilegçilik edýän çagalary köpeldýär'
Balkanda we Maryda üç günläp ýagan ýagyş ekin meýdanlaryny we köçeleri zaýalady
Häkimiýetler gowaça meýdanlaryna ýer eýelerinden birugsat mejbury ýygymçy girizip, töleg talap edýär
Maryda býujet işgärleri pagta möwsümine pul tabşyrýar, pes hasyl pagtaçylary alada goýýar
Balkanly kärendeçiler: Hökümet pagtany wada beren "ýokary" nyrhyndan satyn almaýar