Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi bolan Halkara Zähmet Guramasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berdi. Däp bolan özara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, döwlet Baştutanynyň garamagyna birnäçe degişli teklipler hödürlenildi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin Ýol kartasy işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu “Ýol kartasynyň” we onda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy teklip edilýär.

Şeýle hem şu ýylyň 3 — 14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet maslahatynyň 112-nji mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi habar berildi. HZG-niň Baş direktory Türkmenistanyň wekiliýetini bu mejlise gatnaşmaga çagyrdy. Şunuň bilen baglylykda, Ženewa şäherine saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Halkara Zähmet Guramasynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen duşuşyklarynyň guralmagy maksadalaýyk hasaplanýar.

Mundan başga-da, 2024-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 14 — 17-nji maýy aralygynda Halkara Zähmet Guramasynyň halkara zähmet kadalary boýunça hünärmenleriniň Türkmenistana saparyny guramak teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady we Türkmenistanyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek boýunça zerur tagallalary edýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Ýewropa Bileleşigi bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýändigini belläp, bu ugurda guraljak maslahaty hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň şu ýylyň 16-njy maýynda Aşgabatda geçiriljek 10-njy mejlisine hem gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň edýän tagallalarynyň abraýly halkara guramalar tarapyndan giňden goldanylýandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistan bilen Halkara Zähmet Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Maryda, Lebapda, Balkanda pagta ýygym mejburlygy bat alýar
Türkmenistan we Halkara Zähmet Guramasy degişli Ähtnamanyň Goşundylaryna gol çekdiler
Halkara Zähmet Guramasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistan we HZG pagta pudagynda mynasyp iş üpjünçiligini maslahatlaşdylar
HZG: 2022-nji ýylda dünýäde ortaça aýlyk haky pese gaçdy