Türkmenistan birnäçe halkara habar beriş serişdeleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini yzygiderli giňeldýär. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda RT(Russia Today) teleýaýlymy bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.
Gepleşiklerde türkmen tarapyna Daşary işler ministrliginiň we Halkara maglumat merkeziniň hünärmenleri wekilçilik etdiler. Rus tarapyna Russia Today-yň halkara hyzmatdaşlyk gullugynyň hünärmeni Ýana Aleksandrowa, teleýaýlymyň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň ýerine ýetiriji müdiriniň orunbasary Karina Melikýan, Ruptly wideo gullugynyň baş prodýuseri Mariýa Antonenko hem-de sebitleýin telewideniýe we radio kompaniýalary boýunça prodýuser Wartan Haçaturyan wekilçilik etdiler.
Ýeri gelende bellesek, türkmen tarapy 22-nji fewralda Al Jazeera kompaniýasynyň Aljazeera Media Network halkara teleýaýlymyň dolandyryjysy Ihtişam Nibatulah bilen hem gepleşikleri geçiripdi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Habar media holdingiň başlygy Berik Uali bilen duşuşyp, türkmen khbs-leri bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň käbir halkara habar beriş serişdeleri Euronews, Sinhua, China Daily, Trend, Report, CGTN, BelTA we ş.m. bilen hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşdy.