20-nji iýulda AP News-iň beren habaryna görä, görnüşi ýaly, 100 müňden gowrak ilaty bolan Mikroneziýa (ýurdyň 115 müň ýaşaýjysy bar) dünýäde COVID-19 ýaýran iň soňky döwlet boldy.
Geçen iki ýarym ýylda adada ýerleşýän ýurt serhetlere berk gözegçilik etmek we ýurda gelenleriň karantinda galmagy arkaly-daşky dünýäden üzňelikde galmak bilen koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni alyp bilipdi.Emma, bu çärelere garamazdan, koronawirusyň tiz ýaýraýan Omikron görnüşi ýurda ýaýrady.
19-njy iýulda Mikroneziýanyň hökümeti ýurdyň dört welaýatynyň ikisinde COVID-19 ýaýrandygyny yglan etdi.
Indi ilatynyň sany 100 müňden geçýän Türkmenistan häkimiýetleriň tekrarlaýyşyça,dünýäde koronawirus ýokanjy ýaýramadyk ýeke-täk döwlet bolup galdy.
Emma,ekspertleriň hasaplaýşyça, Türkmenistanda COVID-19 möwç alypdy we ony diýdimzor ýolbaşçylar äsgermezçilik etdiler diýip neşir ýazýar.
12-nji maýda uzak wagtdan bäri ýokanjyň ýokdygyny tekrarlan Demirgazyk Koreýa koronawirus wakasynyň ilkinjisiniň ýüze çykandygyny yglan etdi we Lokdaun girizdi.
BSG-niň maglumatlaryna görä, häzir Türkmenistandan başga COVID-19 ýaýramadyk ýerler 4439 ilaty bolan Mukaddes Ýelena adasy we 1 499 sany ýaşaýjysy bolan Tokelau( täze Zelandiýa tarapyndan dolandyrylýar) hasaplanýar.
Ýatlatsak, ýakynda “Türkmenistanyň Hronikasynyň” beren habaryna görä, Lebap welaýatynda COVID-19-a ýolugan adamlar ýüze çykaryldy, Aşgabatda bolsa, ýaşaýjylary dördünji sanjymy etdirmäge çagyrýarlar.
Bir ýyl mundan owal Türkmenistanda COVID-19 akymy möwç alypdy. “TH-niň”habarçylaryna lukmanlaryň we näsaglaryň gürrüň bermeklerine görä, içi müşterilerden hyryn-dykyn hassahanalarda dowul we bulam-bujarlyk emele gelipdi, dermanhanalaryň öňlerinde uzyn nobatlar döräpdi. Şol möwç almalar barada “TH-niň” jikme-jik synyny şu çelgiden okamak mümkin.The post Türkmenistan häkimiýetleriň tassyklaýşyça, dünýäde COVID-19 ýaýramadyk ahyrky iri döwlet bolup galdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.