Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: möhüm gatnaşyklaryň täze ugry

Türkmenistan — Gyrgyz Respublikasy: möhüm gatnaşyklaryň täze ugry

Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Uçaryň ýanynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz gyrgyz Liderine gül desselerini gowşurdy.

Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanynyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak maksady bilen, Gypjaga bardy we bu ýerde ýerleşýän aramgähde gül desselerini goýdy. Şeýle hem ol Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi.

Soňra belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.Asylly däbe görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bu ýerdäki Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki döwletiň we halkyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy.

Bu ýerden Sadyr Žaparow ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna bardy hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanşyp, Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy. Şunuň ýaly işewür çäreler şu ýyl Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk senesini dabaralandyrýan ýurdumyzyň ýeten derejesini we ägirt uly ykdysady kuwwatyny açyp görkezmek üçin netijeli çäre bolup hyzmat edýär.

Bu ýerde nebitgaz toplumynyň, senagat we gurluşyk önümçiligi, energetika, dokma senagaty, gurluşyk hem-de binagärlik, söwda hem-de daşary-ykdysady aragatnaşyklar pudaklarynyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onlarça hususy firmalaryň hem-de kompaniýalaryň ýokary hilli önümleri, dürli ugurlar boýunça hödürleýän hyzmatlary giňden görkezilýär. Şunda täze tehnologiýalara, innowasiýalara möhüm ähmiýet berildi.

Munuň özi ýurdumyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi we eksport önümleriniň mukdaryny artdyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny aňladýar.

Sergide ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň binýatlaýyn pudagy bolan nebitgaz senagatynyň, şol sanda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň bölümleri möhüm orun eýeleýär. Bu bölümler milli hem-de halkara möçberdäki iri energetika, halkara ulag geçelgeleriniň gurluşyklarynyň, häzirki zaman gazhimiýa toplumlarynyň taslamalary, nebit we gaz ýataklarynyň, gazylyp alynýan beýleki peýdaly serişdeleriň ýerasty känleriniň özleşdirilişi barada gürrüň berýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň bölümlerinde täzeçil usullar arkaly himiýa senagatynyň ösüşi, onuň ägirt uly tebigy serişdelere esaslanýan kuwwaty, ýokary tehnologiýaly düzümleriň ösüşi aýdyň görkezilýär. “Garabogazkarbamid” zawodynyň, Türkmenabadyň himiýa zawodynyň, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň, “Tejenkarbamid” we “Marykarbamid” kärhanalarynyň önümleri ýurdumyzyň içinde we dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň elektroenergetika ulgamynyň eksport kuwwaty has-da artdy. Aşgabatda, Ahal, Balkan, Lebap we Daşoguz welaýatlarynda gurlan gaz turbinaly elektrik stansiýalary pudagyň düzüminiň üstüni ýetirdi. Marynyň döwlet elektrik stansiýasynda ýurdumyzda ilkinji garyşyk usulda işleýän bug-gaz elektrik stansiýasy gurlup, ulanylmaga berildi.

Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawata barabar bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň, Ahal — Balkan — Daşoguz halkalaýyn energoulgamynyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynda gaz turbinaly elektrik stansiýalarynyň gurulmagy ýurdumyzda elektrik energiýasynyň goşmaça möçberiniň öndürilmegini üpjün eder we daşary ýurtlara ugradylar.

Energetika ulgamynda sebit we halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan daşky gurşawy goramak meselelerine örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär. Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda guruljak, kuwwaty 10 megawat bolan ýel we Gün elektrik stansiýasynyň taslamasy munuň aýdyň mysalydyr.

Diýarymyzda aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşleri işjeň ösdürilýär.Sanly ulgam, öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar.Halkara hem-de sebitara deňiz, awtoulag, demir ýol we howa ugurlaryna çykmak arkaly howa hem-de ýerüsti ýollary baglanyşdyrýan gatnaşygyň köpugurly ulgamy döredilýär. “Türkmenaragatnaşyk”, “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary” agentlikleriniň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölümleri bu ugurda amala aşyrylan taslamalar hem-de kesgitlenen meýilnamalar barada giňişleýin maglumat berýär.

Serginiň aýratyn bölümi maýa goýum-gurluşyk toplumyna bagyşlanýar.Soňky ýyllarda ulanylmaga berlen köp sanly senagat we durmuş maksatly desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan syýasatynyň anyk miwesidir.

Onda ösüşiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan Watanymyzyň ykdysady kuwwaty aýdyň görünýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy ýyl-ýyldan artýar, gurluşyk senagatynyň kuwwaty ýokarlanýar.Onuň kärhanalary sement, kerpiç, turba önümlerini, magdan däl, örtük hem-de bezeg serişdelerini, boýaglary we ýerli çig maldan taýýarlanýan beýleki gurluşyk serişdelerini öndürmekde işjeňlik görkezýärler.

Şu ýylyň maý aýynda düýbi tutulan “Aşgabat-siti” binagärlik toplumy özüniň göwrümi we binalaryň ýerleşdirilişi bilen belent mertebeli myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Bu iri ýaşaýyş jaý toplumy, taslama laýyklykda, ýakynda 140 ýyllyk şanly senesini bellän paýtagtymyzyň demirgazygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “akylly şäher konsepsiýasynyň esasynda peýda bolar.

Dokma senagaty ministrliginiň bölümleri täze enjamlar we ekologiýa taýdan arassa öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik kuwwatlyklaryny görkezýär. Olarda nah pagtadan, ýüpekden, örme hem-de beýleki görnüşli matalardan taýýarlanan önümleriň köp görnüşleri görkezilýär. Aşgabadyň dokma toplumy hem-de Türkmenbaşy jins toplumy ýokary hilli, köp görnüşli hem-de ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan önümlerini görkezdiler.

Türkmen halylary milletiň bahasyz baýlygy bolup durýar.Köp asyrlaryň dowamynda halkymyz el halylaryny dokamagyň we olaryň çeperçiliginiň gizlin syrlaryny aýawly saklap, kämilleşdirip, biziň günlerimize ýetiripdir.Halkymyzyň milli buýsanjy bolan halylar dünýä ýüzünde çeperçilik ähmiýetini ýitirmän, halkara derejede uly abraýa eýe bolýar. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň bölümi hut şu gadymy sungata bagyşlanýar.

Onda ussat halyçylaryň elinden çykan ajaýyp halylar, ykjam zenan torbalary, dürli mazmunly özboluşly şekiller ýerleşdirilen halylar, milli bezeg aýratynlykly sowgatlyklar hemmeleriň ünsüni özüne çekýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sergide köp sanly hususy kärhanalaryň öndüren harytlaryny görkezdi. Olaryň hatarynda oba hojalygyna, azyk senagatyna degişli önümler bar. Şeýle hem bu ýerde häzirki zaman ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we senagat kärhanalarynyň şekilleri görkezilýär.

Aýratyn-da, hususyýetçileriň öndürýän demir önümleri, gipsleri, polietilen we polipropilen önümleri, zyýansyzlandyryjylary, himiki serişdeleri, aýakgaplary hem-de deriden taýýarlanan beýleki önümleri, awtoulaglaryň ýag süzgüçleri, hojalyk tehnikalary, et we süýt önümleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň, süýji-kökeleriň köp görnüşleri, guşçulyk pudagyna degişli önümleri, ýyladyşhanalarda ýetişdirilen önümler, miwe suwlary we beýleki içgiler, gök önümleriň, miweleriň gaýtadan işlenen görnüşleri sergide möhüm orun eýeleýär.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we onuň bilen bile gelen wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşlygyny tamamlanlaryndan soňra, Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, iki ýurduň işewürler toparlarynyň söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasy bolan şu günki çäräni guraýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi.

Belent mertebeli myhman Gyrgyz Respublikasynyň dostlukly Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, iki ýurduň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga täze itergi bermegiň möhümdigini belledi.

Prezident Sadyr Žaparow biziň ýurtlarymyzyň işewürler toparlarynyň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, tejribe alyşmagyň hem-de nebithimiýa, gaz senagatynda, elektroenergetika pudagynda iş alyp barýan hem-de özleriniň diňe bir ýurduň içinde däl-de, dünýä giňişliginde hem üstünlikli işlemäge ukyplydygyny görkezen Türkmenistanyň kärhanalaryny Gyrgyzystanyň bazaryna işjeň çekmegiň ähmiýetini belledi.

Dokma senagaty, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, syýahatçylyk, gaýtadan işleýän pudaklar, oba hojalygy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Belent mertebeli myhman ulag-üstaşyr toplumyny ileri tutulýan ulgamlaryň hatarynda kesgitläp, şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki gyrgyz-türkmen logistika kompaniýasynyň döredilmeginiň giň mümkinçilikleri açjakdygyny nygtady, bu kompaniýa gyrgyz we türkmen harytlaryny dünýä bazarlaryna çykarmaga ýardam berer. Gyrgyzystanyň Prezidenti türkmen işewürlerini işjeň hyzmatdaşlyga hem-de iri maýa goýum taslamalaryny bilelikde amala aşyrmaga çagyryp, hemmelere üstünlik we abadançylyk arzuw etdi.

Soňra foruma gatnaşyjylar çykyş edip, dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar we ony durmuşa geçirmek boýunça teklipleri beýan etdiler.

Türkmenistanyň wekilleri öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdiler, dünýäniň beýleki döwletleri, iri halkara maliýe edaralary we öňdebaryjy kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bu syýasatyň möhüm ugrudyr.

Sebit boýunça goňşy ýurtlar, şol sanda Gyrgyzystan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir, bu dostlukly ýurduň halky bilen türkmen halkyny gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklary hem-de taryhyň dowamynda kemala gelen medeni we ruhy ýörelgeleriň umumylygy birleşdirýär.

Diýarymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerini üpjün etmekde, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda, ony diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Döwlet maksatnamasyna hem aýratyn ähmiýet berilýär.

Nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine we onuň dünýä energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilendigi bellenildi. Energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň eksport ugurlarynyň gerimini giňeltmek ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň möhüm bölegidir. Bu ugurda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy has möhüm ähmiýetli taslamalaryň biridir.

Şonuň bilen birlikde, tebigy gazyň düýpli gaýtadan işlenilmegine aýratyn üns çekilip, soňky ýyllarda birnäçe iň häzirki zaman gazhimiýa toplumlary ulanylmaga berildi, şolaryň hatarynda Gyýanlynyň polimer zawody, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan EСO-93 kysymly sintetik, ekologiýa taýdan arassa benziniň senagat möçberinde önümçiligi boýunça dünýäde ilkinji zawody görkezmek bolar. Ýakyn wagtda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan ýokary goşulan bahaly önümleri öndürýän şeýle kärhanalaryň ýene birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär.

Işewürlik duşuşygyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda ýetilen sepgitler, uglewodorod känlerini özleşdirmek, gazyp almak, gaýtadan işlemek hem-de nebiti we tebigy gazy ibermek bilen meşgullanýan toplumyň esasy düzüm bölekleri hem-de kärhanalary barada gürrüň berýän wideofilm görkezildi.

Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekillerine Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanalarynda we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän önümleri satyn almak mümkinçiliklerini öwrenmek teklip edildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, himiýa we dokma senagaty, oba hojalygy pudaklarynda, elektroenergetika toplumynda hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler bar.Türkmenistanyň dürli sebitlerinde gysga wagtyň dowamynda kuwwatly elektrik beketleriniň hem-de täze elektrik geçiriji ulgamlaryň gurlup ulanylmaga berilmegi netijesinde pudagyň birnäçe esse artan kuwwaty ýurdumyzda gurulýan iri senagat toplumlaryny hem-de köp sanly durmuş desgalaryny diňe bir durnukly üpjün etmäge däl-de, elektrik energiýasyny Özbegistan, Owganystan, Eýran ýaly goňşy döwletlere ibermäge hem mümkinçilik berýär.

Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen forumyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi, şolaryň dowamynda täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýuldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de geljekki meýilnamalar anyklaşdyryldy.

Işewürlik duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmeleriniň agzalarynyň arasynda onlaýn görnüşinde ikitaraplaýyn resminamalar toplumyna gol çekildi. Gazanylan ylalaşyklar däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny döredip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Ministrler Kabineti Oliý Mažlisiň täze düzüminiň öňünde ygtyýarlylyklary ýatyrdy
Kurtulmuş Türki-Yslam Dünýäsine Çagyryş Etdi
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Aşgabada geldi
Gyrgyzystanyň Prezidenti ertir Aşgabada sapar bilen geler
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi