12-nji martda Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Irakli Natroşwili bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki wagtda türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň birnäçe ugurda işjeň ösýändigini bellediler. Ýokary okuw mekdepleriň wekilleriniň birek-birege saparlary, bilelikde geçirilýän konferensiýalar, seminarlar we forumlar bilim pudagynyň yzygiderli we netijeli ösýändigine şaýatlyk edýär.
Taraplar M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Tbilisi döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň arasynda öň gol çekilen akademiki we ylmy ugurda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk iki ýurduň bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň has hem giňelmegine we işjeňleşmegine ýardam edendigini aýratyn bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar has netijeli hyzmatdaşlyga we iki ýurduň arasyndaky ylmy we medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürmäge goşant goşjak bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary taýýarlamaga taýýardyklaryny mälim etdiler.