Şu ýylyň 811-nji oktýabry aralygynda Baku şäherinde geçiriljek Gorkut ata türki dünýäsiniň üçünji festiwalyna kinomatografiýaçylardan, artistlerden we teležurnalistlerden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşar. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýty habar berýär.
Türki halklaryň arasyndaky bitewüligi we medeni hyzmatdaşlygy berkitmek, audiowizual giňişligi döretmek we olarda türki halklaryň täsirliligini ýokarlandyrmak bu festiwalyň esasy maksadydyr.
Bu festiwalda çeper filmleriň görkezilişinde Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň režissýory Hekim Alowowyň Gyzyl alma filmi görkeziler. Bäsleşikden daşary bolsa ýakynda Ýüpek ýolunyň merjeni at bilen geçirilen XV Daşkent halkara kinofestiwalyna gatnaşan kinorežissýor Sahysalyh Baýramowyň Daragt filmi görkeziler.
Azerbaýjanda geçiriljek Gorkut ata türki dünýäsiniň kinofestiwalynda hem türkmen kinorežissýory kinolara öz bahasyny berer.
Dokumental kino ugry boýunça hem Türkmenistandan ýene bir wekil emin agzalarynyň toparyna çagyryldy.
Dokumental filmleriň hatarynda Pälwan Geldiýewiň Bekdurdy Amansaryýewiň edebi ýazgysy esasynda surata düşüren Günüň we suwuň perzentleri atly dokumental filmi görkeziler.
Bäsleşikden daşary kinofestiwalyň çäginde režissýor Röwşen Welmiýewiň animasion-multfilmi görkeziler.
Azerbaýjanda geçiriljek bu kino baýramynyň gyzykly pursatlary bilen Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teležurnalistleri tomaşaçylary yzygiderli tanyşdyryp durarlar.
Azerbaýjanda geçiriljek Gorkut ata türki dünýäniň kinofestiwalyna 100-den gowrak türki halklaryň kinomatografiýaçylary bolan daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Nyzamy kino merkezinde geçiriljek festiwalda 40 töweregi çeper, dokumental we animasion filmler görkeziler.