Türkmenistan goranmak pudagynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi nazarlaýar

Türkmenistan goranmak pudagynda Türkiýe bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi nazarlaýar

Goranyş häsiýetli harby doktrinasyna daýanýan Türkmenistan Türkiýe bilen goranmak pudagynda hyzmatdaşlyklary giňeltmegi nazarlaýar. Synçylar Türkmenistanyň öz harby kuwwatyny ösdürmek ugrundaky täze tagallalaryny halkara we sebit parahatçylygynyň hem-de içerki durnuklylygyň töweregindäki aladalar bilen düşündirýärler.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy dekabrda goranmak pudagynda iş alyp barýan “Baýkar” we “BMC” türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen Aşgabatda duşuşdy.

“Baýkaryň” baş müdiri Haluk Baýraktar we “BMC-niň” dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Fuat Tosýaly “Türkmenistanyň goranyş kuwwatyny pugtalandyrmak babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar” diýip, Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) habar berýär.

Türkiýe we Türkmenistan köp ýyllyklaryň dowamynda özara söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürdi. Iki ýurduň metbugatyna görä, taraplar özara hyzmatdaşlygy “hil taýdan täze derejä çykarmagy”, şeýle-de “goranmak ulgamyndaky özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi” nazarlaýarlar.

“Türkiýe we Türkmenistan öňden bäri gatnaşyk saklaýar, hyzmatdaşlyk edýär. Taraplar bu hyzmatdaşlygy indi goranmak pudagynda hem giňeldýärler” diýip, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Merkezi Aziýa meseleleri boýunça bilermeni Brýus Panniýer 28-nji dekabrda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Türkmen mediasyna görä, Aşgabatda geçirilen duşuşykda taraplar täze ylalaşyklary gazandy. Goranmak kompaniýalary öz önümleriniň täze görnüşlerini ilkinji bolup, Türkmenistana iberer diýip, media habarlarynda aýdylýar.

“Baýkar” türk kompaniýasy özüniň “Baýraktar” pilotsyz uçarlary bilen tanalýar. Merkezi Aziýa ýurtlary, şol sanda Türkmenistan soňky ýyllarda bu pilotsyz uçarlaryny satyn almaga gyzyklanma bildirip gelýär.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri ilkinji gezek 2021-nji ýylyň sentýabrynda, Garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen dabaraly harby ýörişde özüniň “Baýraktar” dronlaryny görkezdi. Olaryň anyk sany jemgyýetçilige mälim däl, ýöne Aşgabatda geçirilen iň soňky dabaraly harby ýörişde (2023 ý.) azyndan üç sany “Baýraktar TB2” kysymly pilotsyz uçarlar görkezildi.

Bulardan başga-da, harby paradlardan mälim bolşuna görä, Türkmenistanyň harby howa güýçlerinde “Falko”, “Sky Striker”, “Orbiter-2B”, “CW-15D” kysymly uçarmansyz harby enjamlar hem bar.

Brýus Panniýeriň ynanjyna görä, Merkezi Aziýa ýurtlary Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşunyň fonunda, täze ýaranlyklara we hyzmatdaşlyklara ymtylýarlar. Şeýlelikde, olar öz ýurtlarynyň goranyş kuwwatyny ösdürmäge çalyşýarlar. Mundan ozal, howpsuzlyk pudagynda esasan Russiýanyň ýaranlygyna bil baglan sebit ýurtlary rus goşunynyň Ukrainada uçran “şowsuzlygyna” syn edip, goranmak pudagynda täze partnýorlar bilen özara hyzmatdaşlyklary ösdürýärler.

“Türkmenistan, aslynda, mundan birnäçe ýyl ozal Türkiýeden söweşjeň dronlary satyn alan ilkinji ýurtlaryň hataryndadyr.Türkiýe [sebitde] öz täsirini artdyrmak isleýär, şol bir wagtda Türkmenistan öz harby kuwwatyny ýokarlandyrmaga çalyşýar.

Türkmenistan goňşular bilen arada, ýa-da Hazar deňzinde bir ýerde howpsuzlyk meselesi ýüze çykan halatynda, ýa-da içerki howpsuzlyk wehimleri ýüze çykan halatynda özüniň söweşjeň taýýarlygyna bil baglamak isleýär.

Olar şeýle hadysalar ýüze çykan halatynda çäre görmek üçin, harby we howpsuzlyk güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek isleýär” diýip, Panniýer aýtdy.

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 26-njy dekabrda Aşgabatda türkiýeli goranyş kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşýan mahaly, prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde öňki sowet ýurtlaryndan ybarat bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň resmi däl ýygnagyna gatnaşyp, rus prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşýardy.

Panniýere görä, türk goranyş kompaniýalarynyň duşuşygyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy Türkmenistanyň GDA-nyň duşuşygyny onçakly ileri tutmaýandygyny, oňa uly ähmiýet bermeýändigini görkezýär.

“Bu ýagdaý, simwoliki jähtden seretsek, Türkmenistan üçin häzirki wagtda türk kompaniýalary bilen duşuşygyň has ähmiýetli bolup durýandygyny görkezýär, şonuň üçin türk goranyş kompaniýalary bilen duşuşyga 17 ýyldan gowrak syýasy tejribesi bolan ata [Berdimuhamedow] gatnaşýar” diýip, Panniýer aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Arkalaşyga agza ýurtlaryň tas ählisi soňky ýyllarda Russiýanyň gowşandygyny oňat bilýärler. Ýöne muňa garamazdan, Merkezi Aziýa ýurtlary bu ýurda üns bermeli bolýar.

“GDA-nyň ýygnagyna [Türkmenistandan] kimdir biri gatnaşmalydy, sebäbi Russiýanyň [“göwnüne degip bolmaýar”], onuň özüne üns berilmeýän ýaly duýmagyny isläp bolmaýar. Russiýa heniz hem islendik Merkezi Aziýa ýurdunda bir topar problema döredip bilýär, eger ol özüni Merkezi Aziýa ýurtlary Russiýadan has daşlaşýan ýaly duýsa. Şonuň üçin-de, bu ýygnaga ogul [Berdimuhamedow] gatnaşýar” diýip, Panniýer aýtdy.

Şeýlelikde, Sankt Peterburgdaky duşuşykda hem Türkmenistana ýokary derejede wekilçilik edildi, türk kompaniýalary bilen hem ýokary derejeli duşuşyk geçirildi diýip, Panniýer sözüniň üstüni ýetirdi.

Bilermen häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň öz içindäki däl, ýöne onuň töweregindäki howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ynjyk bolandygyny aýdyp, bu ýagdaýyň fonunda, sebit ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň öz goranyş kuwwatyny kämilleşdirýändigini aýtdy.

“Merkezi Aziýanyň edil öz içindäki däl, ýöne onuň töweregindäki ýagdaýlar häzirki wagtda onçakly durnukly däl” diýip, Panniýer aýtdy. Ol sebit ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen Owganystandaky “Taliban” arasynda suw meseleleri boýunça ýagdaýlaryň dartgynlaşmak ähtimallygyny çaklady, şeýle-de goňşy Eýranda hem halk tolgunyşyklarynyň soňky ýyllarda ýygjamlaşandygyny aýdyp, bu ýagdaýyň hem sebitiň töweregindäki umumy ýagdaýlaryň durnuksyz galmagyna goşant goşýandygyny belledi.

Türkmenistan günortada Eýran, günorta-gündogarda Owganystan bilen serhetleşýär.

Bulardan başga-da, ekspertiň ynanjyna görä, Türkmenistan türk dronlaryna gyzyklanma bildirmek bilen, Merkezi Aziýa sebitinde soňky ýyllarda ýokarlanýan “dron ýaryşlarynda” öňe saýlanmak isleýär. Synçy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde, Gazagystanda, Gyrgyzystanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Türkmenistanda döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda uçarmansyz uçýan söweşjeň enjamlara, harby dronlara bildirilýän gyzyklanmanyň ýokarlanýandygyny aýtdy.

“Sebitdäki ähli liderler bu dronlaryň gapdalynda durup surata düşmäge gaty höwesli ýaly bolup görünýär. Şeýlelikde, öz ýurtlarynda dronlaryň bardygyny görkezmek isleýärler. Meniň pikirimçe bu belli bir derejede şonuň bilen hem bagly bolup durýar, birhili dronly bolmakda abraý bar ýaly kabul edilýär. Bu örän geň” diýip, Panniýer aýtdy.

“Bu ýagdaýa mantyk bilen düşünmek kyn.Meselem, ABŞ-nyň ýa-da Russiýanyň prezidentleri ýadro ýaraglarynyň gapdalynda durup surata düşmeýärler. Ýöne Merkezi Aziýada, ýa-da başga käbir sebitlerde özüňde şeýle ýaraglaryň bardygyny görkezmeklik saňa, hamala, abraý berýän ýaly bolup görünýär.

Meniň pikirimçe, bu ýagdaý hem [türk goranmak kompaniýalary bilen Aşgabatda geçirilen duşuşykdaky] ylalaşygyň bir bölegi bolup durýar” diýip, Panniýer belledi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

Ýene degişli makalalar

“Palestinaly Doganlarymyzyň Iru-Giç Ýeňiş Gazanjakdygyna Ynanýarys”
Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi