Türkmen döwlet medeniýet institutynda Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Etnologiýa we antropologiýa institutynyň Adam antropoekologiýasy Merkeziniň ýolbaşçysy hem-de esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň doktory Nadežda Dubowa tarapyndan Türkmenistan: Goňurdepe — Marguş döwletiniň paýtagty mowzugy boýunça açyk sapak geçirildi.
Belli rus antropology Nadežda Dubowa görnükli alym Wiktor Sarianidi bilen 13 ýyl bile işledi we ylmy işini Türkmenistanyň çägindäki täsin taryhy ýadygärligi — Goňurdepäniň gadymy oturymly ýerini öwrenmäge bagyşlady.
Sarianidi öz gözlegleri bilen gadymy Margiananyň ýa-da Marguşyň gülläp ösýän paýtagty Goňurdepe bilen Hindistan, Hytaý, Mesopotamiýa we Müsür bilen birlikde dünýä siwilizasiýasynyň bäşinji merkezidigini subut etdi.
Dubowa şu günler arheologik ýadygärligiň açylmagynyň 50 ýyllygynyň bellenilýändigini, institutyň talyplary hem-de ylmy jemgyýeti bilen bu günki duşuşygyň hem şoňa gabatlanandygyny belleýär.
“Ýaňy-ýakynda kärdeşlerim bilen Margiananyň 300 sany belli oturymly ýerleriniň biri bolan Goňurdepäniň arheologik ýadygärligine baryp gördük we bu şäherçäniň seredilişini, aýalyşyny we saklanylyşyny gözden geçirdik.Häzirki wagtda bu täsin arheologik desga dünýäniň dürli künjeginden alymlary özüne çekýär, bu ýerde pandemiýa döwründen öň biz hem-de beýleki daşary ýurt arheologlary türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde yzygiderli gazuw-agtaryş işlerini geçirdik diýip, alym gürrüň berýär.
Nadežda Dubowa soňky 20 ýylda Goňurdepäniň öwrenmek boýunça geçirilýän işlere ýolbaşçylyk etdi. Açyk sapagyň dowamynda alym Goňurdepede geçirilen gazuw-agtaryş işleri, soňky ýyllaryň açyşlary we dünýä belli bu ýadygärlikde mundan beýläkki arheologik gözlegleriň geljegi barada gürrüň berdi.
Ýeri gelende bellesek, Goňurdepe Gadymy Merw döwlet taryhy-medeni goraghanasyna degişli bolup, ol ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir.