Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi.Ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynda geçirilýän Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy atly arheologik sergä bagyşlandy.

Duşuşyga ýurdumyza sapar bilen gelen Berliniň döwlet muzeýler birleşigine girýän Taryh döwrüne çenli we irki taryh muzeýiniň, Mangeým şäheriniň Raýs-Engelhorn muzeýler toplumynyň, Gamburgyň Arheologiýa muzeýiniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, GFR-iň uniwersitetleriniň ylmy işgärleri we beýlekiler gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeldýändigini, Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy atly sergisiniň netijeli türkmen-german hyzmatdaşlygynyň aýdyň mysaly bolmak bilen, ýewropalylaryň adamzat ösüşiniň ýyl ýazgysynda täze sahypalary açmagynyň ýolunda möhüm waka bolandygyny nygtadylar.

Duşuşykda bellenilişi ýaly, häzirki wagta çenli bu sergi Berliniň Täze muzeýinde, Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde guraldy, 9-njy martda bolsa Mangeým şäherindäki Raýs — Engelhorn muzeýinde açyldy.Serginiň ekspozisiýasyna ýurdumyzyň üç muzeýiniň — Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Marynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýiniň 220-ä golaý gymmatlygy girdi.

Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy atly sergi gadymy ýurduň taryhyna nazar aýlamaga mümkinçilik berýär.Margiana Türkmenistanyň Günorta-Gündogaryndaky taryhy landşaftdyr.Ol dört müň ýyla golaý wagt mundan ozal bürünç eýýamynyň ýokary derejede ösen medeniýetiniň merkezi bolupdyr.

Bu merkez Mesopotamiýa we Müsür ýaly siwilizasiýalaryň döwründe ösen hem bolsa, ol häzirki döwre çenli köp derejede mälim bolmandyr.Indi ilkinji gezek gadymy gymmatlyklaryň giň möçberli sergi Gündogaryň taryhynda mynasyp orny eýeleýän gadymy Margiananyň täsinligini açyp görkezýär.

Türkmenistanyň muzeýlerinden getirilen gymmatlyklaryň daşary ýurtlarda görkezilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny bütin dünýäde giňden wagyz etmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň aýdyň netijesidir.Berliniň Täze muzeýindäki sergä 385 müňe golaý adam, Gamburgyň Arheologiýa muzeýine 8 müň 230 adam baryp gördi.

Ilaty 300 müň adama barabar bolan Mangeýmiň sergisiniň hem uly üstünlige eýe boljakdygy şübhesizdir diýip, duşuşyga gatnaşyjylar nygtadylar.Duşuşykda Margianany tutuş dünýä açyp görkezen alymyň ady uly mähir bilen ýatlanyp geçildi.

Bu alym gazuw-agtaryş işleriniň barşynda şol gadymy siwilizasiýanyň köp sanly sungat eserlerini we beýleki gymmatly zatlary ýüze çykardy.Häzirki wagtda şol tapyndylaryň köpüsi Germaniýadaky sergide görkezilýär.Biziň ýurdumyzda hemmeler Sarianidini tanaýar.

Ol türkmen topragynda altmyş ýylyň dowamynda tutanýerli zähmet çekip, biziň gadymy geçmişimiziň täze sahypalaryny açdy.Bu alym ýönekeý adamlaryň uly hormat-sarpasyna we döwletimiziň ykrar etmegine mynasyp boldy, biz onuň hyzmatlaryny birnäçe gezek ýokary döwlet sylaglary bilen belledik.

Arheologiýa ýurdumyzda ylmyň geljegi uly ugurlarynyň biridir, şunda zehinli barlagçylaryň täze nesilleri üçin uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilikler bar. Şonuň üçin hem Wiktor Iwanowiç Sarianidi ýaly zehinli adamlaryň öz şägirtlerine bilimlerini we tejribelerini bermegi örän möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlarynyň birinde belledi.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Germaniýanyň ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Margiana — Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyryň şalygy atly sergide görkezilýän zatlaryň çeperçilik taýdan uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Daşary ýurtly alymlar olary öwrenmek bilen gadymy sungat eserleriniň many-mazmuny babatda dürli çaklamalary öňe sürýärler, ýöne diňe türkmen hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda bu iş ýokary hilli ýerine ýetirilip bilner. Şunuň bilen baglylykda, maglumat alyşmalaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, ylmy işgärleriň wekiliýetleriniň özara saparlary barada pikir alşyldy.

Margiana beýik siwilizasiýanyň merkezidir, bu ýerde dörän medeniýetiň Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeniýetleriniň ösmegine uly täsir edendigini ynamly aýtmak bolar.Nemes hünärmenleri tarapyndan häzirki wagtda GFR-iň we Fransiýanyň muzeýlerinde hünärmenler tarapyndan ulanylýan ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kömegi arkaly Margianada tapylan gadymy gymmatlyklary öwrenmek baradaky teklip öňe sürüldi. Şol ýurtlaryň barlaghanalarynda dürli serişdeleri içgin öwrenip, gadymy gymmatlyklaryň ýaşyny takyk anyklamaga mümkinçilik bar.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygyň işjeň ösdüriljekdigine ynam bildirip, şeýle işleriň Margiana baradaky täze ylmy-barlaglaryň we neşirleriň peýda bolmagyny çaltlandyrjakdygyny bellediler.Munuň özi köp babatda dünýä möçberinde taryh ylmyna oňyn täsir eder.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň muzeý işini kämilleşdirmäge hem-de medeniýet ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen syýasaty tutuş dünýäniň alymlary üçin uly gyzyklanma döredýän gadymy gymmatlyklary öwrenmek ulgamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, duşuşyga gatnaşyjylar nygtadylar.

GFR-iň wekiliýetiniň Türkmenistanda bolmagynyň çäklerinde ýurdumyzyň muzeýleriniň ýolbaşçylary bilen hem iş maslahaty geçirildi.Onda iki ýurduň hünärmenleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Saparyň maksatnamasyna laýyklykda, myhmanlar ýurdumyzyň ýokary we ýörite okuw mekdepleriniň muzeý işi hünäri boýunça okaýan talyplary hem-de mugallymlary, muzeý işgärleri üçin Türkmen döwlet medeniýet institutynda okuw maslahatyny geçirerler.

Medeni maksatnamada wekiliýetiň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýine, Türkmen halysynyň milli muzeýine, Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine, Köneürgenç taryhy-medeni goraghanasynyň çäginde ýerleşýän ýadygärliklere, Seýit Jemaletdin taryhy ýadygärligine hem-de Gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna baryp görmegi göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

12.03.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
Medeniýet halkyň kalbydyr
Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry
11.07.2019 | Medeniýet — Türkmenistanyň syýasatynyň strategik ugry
Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk
09.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: medeniýet ulgamy