
Türkmenistanda ykdysady krizisiň hasam çuňluşmagy, şeýle-de ýurduň hem içinde, hem-de daşynda türkmen häkimiýetlerine, şol sanda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa garşy nägilelikli çykyşlaryň artyp başlamagynyň arasynda, türkmen emeldarlary öňümizdäki ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak baradaky karara geldiler. TDH-nyň maglumatyna görä, bu barada 25-nji noýabrda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçrilen ýörite maslahatyň dowamynda ylalaşylypdyr.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa mejlisde çykyş edip, ýylyň şygarynyň kesgitlenmegi baradaky meseläniň il-halk bilen giňden maslahatlaşylandygyny öňe sürdi.
Onuň sözlerine görä, adamlaryň arzuw-islegleriniň, teklipleriniň yzygiderli öwrenilmegi netijesinde, Türkmenistanda 2022-nji ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip atlandyrmak barada edilen teklip halk tarapyndan giň goldaw tapypdyr.
Bellemeli ýeri, bu habar çykmazyndan öň türkmen metbugatynda halk bilen geçirilen geňeşler barada hiç bir maglumat peýda bolmandy.
Türkmen aktiwisleri hem bu ýagdaýlara ünsi çekip, dünýäniň iň bir awtoritar ýurdy Türkmenistanda aglaba kararyň, şol sanda ilata ýeňillikli bahadan ýa mugt berilýän gaz, tok we suw üpjünçiligini ýatyrmak ýaly kararlaryň hem “halkyň islegi” diýen söz düzümine salgylanyp orta atylýandygyny belleýärler.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli Kaşperowskiý lakamy bilen çykyş edýän türkmen aktiwisti häkimiýetleriň bu tejribesiniň ýurduň ozalky awtoritar prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň döwründen bäri dowam edip gelýändigini belledi.
“Aslyýetinde şu wagta çenli halk bilen geňeşilip hiç zat edilmedi. Bu [Berdimuhamedowyň] ýanyndaky kiçi bir toparyň oýlap tapan zady. Bu entek Nyýazow döwründen bäri dowam edip gelýär: Gurbansoltan eje ýyly, Ruhnama ýyly... Bu däp-dessurlar şol döwürden bäri dowam edip gelýär” diýip, Kaşperowskiý Azatlyga beren interwýusynda nygtady.
Resmi maglumatda “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygarynyň 2022-nji ýyly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşdyrmak baradaky halkyň “arzuw-islegleri nazarda tutulyp” kabul edilendigi, şeýle-de onuň Berdimuhamedowa bardygy aýdylýan “hormat-sarpanyň” nyşanydygy aýdylýar.
Emma öňdebaryjy türkmen aktiwisti Dürsoltan Taganowa ýurtdaky dowam edýän ýiti ykdysady krizise, şeýle-de barha köp raýatyň gün-güzeran aladasy sebäpli daşary ýurtlara çykmaga ymtylýandygyna ünsi çekip, şygara “arkadag” sözüniň goşulmagyny, ilatyň “gözüni boýamak” üçin edilen bir synanyşyk bolandygyny aýdýar.
“Ýöne bu Türkmenistanyň içinde bolsun, daşynda bolsun... halkyň gözi boýalmakdan geçdi. Sebäbi [Türkmenistanda] ykdysady kynçylyklar dowam edýär; ýurtda eýýäm azatlyk, adalat... galmady. Meniň pikirimçe, bu bir spektakl” diýip, Taganowa Azatlyk bilen söhbetdeşliginde aýtdy.
Türkmen aktiwisti Kaşperowskiý “arkadag” sözüniň “goragçy, howandar” diýen manysy bilen birlikde, onuň depeden basyp duran ýük manysynyň hem bardygyna ünsi çekip, ýurduň hem içindäki, hem daşyndaky ýagdaýlary nazarda tutup, munuň geljek ýylyň hasam agyr boljakdygyna öňünden bir yşarat bolup biljekdigini belledi.
“Ruslarda “Gämä nähili at daksaň, ol şoňa görä-de ýüzer” diýen bir söz bar. Diýmek, bu ýyla şeýle adyň dakylmagy türkmen halkyna jebis dur’ diýen manyny öňünden sms görnüşinde ugradyp durandygyny aýtsak hem ýalňyşmarys” diýip, ol garaýyşyny beýan etdi.
Türkmenistanda her ýyl, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda, öňünden ýörite şygar bilen belgilenýär we täze şygar bütin bir ýyllap metbugat habarlarynyň iň köp gaýtalanýan jümleleriniň birine öwrülýär. 2021-nji ýyl ýurtda Berdimuhamedowyň teklibi bilen “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atlandyryldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.