Türkmenistan GDA-nyň tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

Türkmenistan GDA-nyň tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

4-nji awgustda Minskde GDA ýurtlarynyň döwlet we jemgyýetçilik tele-radio guramalarynyň ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň we Arkalaşygyň Döwletara maglumat toparynyň dolandyryş Geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistan synçy hökmünde gatnaşdy. Bilelikdäki mejlisde Türkmenistana Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew wekilçilik etdi.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň web sahypasyna habar berlişi ýaly, mejlise gatnaşyjylar tele-radio ýaýlymlar boýunça hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar, GDA-nyň çägindäki wakalary beýan etmek üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň meýilnamalaryna serediler, şeýle hem maglumat hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň geljegine ünsi çekdiler.

Geňeş agzalary dowam edýän 2023-nji ýyldaky wakalara maglumat goldawyna we GDA ýurtlarynyň tele-radio guramalarynyň Döwletara maglumat toparynyň işine, şeýle hem GDA agza ýurtlaryň telewideniýesiniň we radiosynyň ezberi nyşanyny döretmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berdiler.

Mejlise synçy hökmünde Türkmenistandan başga-da, Özbegistan Respublikasynyň Milli tele-radio kompaniýasynyň halkara gatnaşyklar bölüminiň başlygy Laziz Juraýew gatnaşdy. GDA-nyň Baş sekretary ýakyn wagtda Türkmenistandan we Özbegistandan synçylaryň Geňeşiň hataryna goşuljakdygyna umyt bildirdi.

5-nji awgustda Geňeş agzalary GDA ýurtlarynyň II oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

MERKEZI AZIÝA TELEÝAÝLYMYNY WE SEBITLEÝIN MEDIA PLATFORMASYNY DÖRETMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Merkezi Aziýa teleýaýlymyny döretmek meýilleşdirilýär
Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň habar beriş serişdeleriniň meseleleri boýunça ygtyýarly edaralaryň konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
02.07.2019 | Resmi habarlar
Gökdepe, Gazawat pajygalaryny ýatlamazlyk kime peýda, nämä zyýan?