Türkmenistan GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk boýunça öz garaýyşlaryny mälim etdi

Türkmenistan GDA-nyň çägindäki hyzmatdaşlyk boýunça öz garaýyşlaryny mälim etdi

Türkmenistan GDA agza ýurtlaryň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly üns berýär. Bu barada GDA-nyň tertipnamalaýyn we beýleki guramalarynda Türkmenistanyň hemişelik doly ygtyýarly wekili, ýurduň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde mälim etdi.

Diplomatyň belleýşi ýaly, ýurt deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga işjeň gatnaşar. Bu barada РИА Новости ýazýar.

Bu Arkalaşygyň işjeňlik depginini we ösüşini, gurama agza döwletleriň halklarynyň abadançylygyny we durmuş derejesini ýokarlandyrmagy üpjün eder diýip, türkmen diplomaty belledi.

Bellenilşi ýaly, GDA ýurtlary bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamyny ösdürmegi hem göz öňünde tutmak bilen hyzmatdaşlygymyzyň däp bolan möhüm ugurlaryny doly goldaýarys. Arkalaşygyň ýurtlarynyň döredijilik intelligensiýasynyň duşuşyklary, medeniýet işgärleriniň, ýaşlaryň we çagalar toparlarynyň gatnaşmagynda dürli festiwallar yzygiderli geçirilýär. Halklarymyzyň bähbidi üçin hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmegi teklip edýäris diýip, N.Şagulyýew nygtady.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Oman Soltanlygynyň ilçisinden ynanç hatynyň nusgalary kabul edildi
Oman Soltanlygynyň Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI “RUSSIÝA — YSLAM DÜNÝÄSI: KAZANFORUM 2024” XV HALKARA YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygyndaky çykyşy
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ BAŞTUTANY RUSTAM MINNIHANOW BILEN DUŞUŞYGYNDAKY ÇYKYŞY
Türkmenistanyň DIM-nde Gruziýanyň Parlamentiniň başlygy bilen duşuşyk geçirildi