Türkmenistan gazeti ýaşlaryň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşigini jemledi

Türkmenistan gazeti ýaşlaryň arasynda yglan eden döredijilik bäsleşigini jemledi

Şu gün Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýaş žurnalistleriň arasynda geçirilen Ýaşlar — beýik geljegi gurujylar atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.Bu bäsleşigi Türkmenistan gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek, şunda ýaşlary döredijilige höweslendirmek, olaryň zehinini açmak maksady bilen yglan edipdi.

Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr elektron neşiri habar berýär.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan 35 ýaşa çenli bolan ýaşlary, ýaş žurnalistler, pudak edaralarynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, mekdep okuwçylary bäsleşige işjeň gatnaşdylar.Olaryň bäsleşige hödürlän makalalarydyr oçerkleriniň, söhbetdeşlikleriniň jemi 100-e golaýy hasaba alyndy.

Eminler toparynyň agzalary bäsleşige hödürlenen eserleri içgin seljermek bilen, zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirliligine, maglumatlara baýlygyna, diliniň çeperçiligine we şireliligine, many-mazmunyna baha berdiler.

Hödürlenen işleriň arasyndan iň mynasyplary bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde kesgitlenildi.

Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Altyn asyr: Türkmenistan teleradioýaýlymynyň Paýhas synagy bölüminiň müdiri Nowruz Güýjow, Watan gazetiniň bölüm müdiri Ahmet Geldiýew, Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy Seýran Seýitmämmedow, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň Ýagty ýol şäherçe kitaphanasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy Seýitmuhammet Seýitmuhammedow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyby Allanur Çaryýew, şol ýokary okuw mekdebiniň žurnalistika hünäriniň talyplary Toýly Muhammetdurdyýew we Batyr Kuliýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby Merýem Şyhynyýazowa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary Gurbansähet Gurbansähedow we Aýlar Atajykowa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Çary Çaryýew we Süleýman Haýdarow, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby Döwlet Heşdekow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy Maksatmyrat Çaryýew, Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Nury Hudaýgulyýew döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.

Ýeňijiler bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Daşoguzda ýene güýçli tozanly ýel turdy