Türkmenistan Gazagystandan armatur satyn almaklyga gyzyklanýar

Türkmenistan Gazagystandan armatur satyn almaklyga gyzyklanýar

2-nji maýda Türkmenistanyň ilçisi Batyr Rejepow Gazagystanyň senagat we gurluşyk ministri Kanat Şarlapaýew bilen duşuşdy. Bu barada Gazagystan Respublikasynyň Senagat we gurluşyk ministrligi habar berýär.

Duşuşykda türkmen tarapy söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmak we iki ýurduň işewürleriniň ýakynda geçiriljek ýygnagynyň dowamynda Türkmenistanyň Gazagystandan armatur satyn almaga taýýardygyny mälim etdi.

Kanat Şarlapaýew Senagat komitetiniň başlygyna türkmen tarapynyň gurluşyk materiallary bilen üpjün etmek baradaky teklipleriniň üstünde işlemegi tabşyrandygyny aýtdy.

Öz gezeginde, ilçisi türkmen tarapynyň gazak bazaryny sement we aýna önümleri bilen üpjün etmek baradaky teklibi hödürledi, muňa jogap hökmünde Gazagystanyň ministri öz ýurdunyň aýna önümçiligi babatda hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Söhbetdeşlikde taraplar oba hojalygy meselesine aýratyn üns berdiler. Ilçi Türkmenistanyň Gazagystanda bar bolan fenolik uglewodorodlaryň - leonarditiň tebigy mineral toplumyny satyn almak isleýändigini aýtdy.

Mundan başga-da, duşuşykda şäher meýilnamalaşdyryş we binagärlik-dizaýn işlerinde tejribe alyşmak, şeýle hem gurluşygyň seýsmiki ýagdaýlara durnuklylygy pudagynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda türkmen-gazak söwda dolanyşygy 563 million amerikan dollara deň boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 22,5 göterim köpdür.

Ýene degişli makalalar

Izmirdäki Konak meýdançasy: Şäheriň taryhy ýüregi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
“Öten günler” iň gowy film saýlandy
Gyrgyzystanyň Prezidenti Fransiýa iş sapary bilen bardy
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Halkara Jemgyýetçiliginiň Ysraýylyň Hüjümlerine Garşylygy Güýçlenýär