Türkmenistan-Gazagystan: energiýa serişdeleriň iberilişini artdyrmak, üstaşyr düzümleri giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmenistan-Gazagystan: energiýa serişdeleriň iberilişini artdyrmak, üstaşyr düzümleri giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň penşenbe güni Aşgabatda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz ýurdunyň energiýa serişdeleriň iberilişini artdyrmak hem-de gazagystanly hyzmatdaşlar bilen üstaşyr ugurlary giňeltmek üçin mümkinçiliklere garamaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagy, şeýle hem energetika, ulag we logistika ulgamlaryndaky taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, ýurtlaryň Liderleri oba hojalyk pudagynda, himiýa senagatynda, maşyngurluşykda, dokma senagatynda we serhetýaka söwdada hyzmatdaşlygyň meselelerine degip geçdiler.

Prezident Tokaýew Gazagystanyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda, şol sanda energetika, ulag we medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynda Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolmagynda galýandygyny belläp, köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin yzygiderli geçirilýän ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň möhüm ähmiýetini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýeleýän möhüm orny bellenildi.

Gepleşikleriň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek dabarasy geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Ermenistanyň Prezidenti Gazagystana sapar bilen barar
Serdar Berdimuhamedow bilen Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy
Aşgabatda türkmen-gazak hyzmatdaşlygy boýunça täze resminamalar toplumyna gol çekildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi
Türkmenistanyň we Gazagystanyň Baştutanlarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi