Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar

2021-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Lebap welaýatynda saparda bolan wagtynda Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çägindäki Malaý gaz ýatagynda ýylda gazyň 30 milliard kub metrini akdyrmaga kuwwaty bolan gaz gysyjy desganyň işe girizilmegine hem ak pata berdi.

Bu iri taslama Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 22-nji awgustynda gol çeken kararyna laýyklykda buýrujy Türkmengaz döwlet konserni bilen gurluşygyň baş potratçysy Petro Gaz LLP (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda durmuşa geçirildi.

Iri desganyň işe girizilmegi Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm ähmiýete eýedir.Döwrebap desga Üçajy, Döwletabat we Galkynyş gaz känlerinden gelýän tebigy gazyň zerur bolan basyşyny üpjün edýär.

Malaýdaky kuwwatly gaz gysyjy desga 2021-nji ýylda açylýan desgalaryň kerwenbaşysy boldy.

Ýene degişli makalalar

“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň açylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
“Malaý” gaz känindäki täze gaz gysyjy desga işe girizildi
15.01.2021 | Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar
Malaýda ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy gysyjy desga guruldy
Türkmenistan gaz pudagynyň tehniki kuwwatyny artdyrýar