Halkara energetika agentliginiň (IEA) gaz bazarynyň geljegi we häzirki ýagdaýy baradaky täze hasabata görä, 2024-nji ýyla çenli dünýä boýunça gaza bolan isleg, takmynan 4,3 trillion kub metre ýeter, bu häzirki pandemiýa şertlerindäki islegä garanyňda, 7% ýokarydyr.
2020-nji ýylda demirgazyk ýarym şarda gyş paslynda maýyl howa boldy we COVID-19 pandemiýasynyň täsiri sebäpli dünýäde tebigy gaza bolan isleg 1,9% ýa-da 75 milliard kub metr azaldy. IEA-nyň çaklamalaryna görä, şu ýyl gaza bolan global isleg 3,6% ýokarlanar.
Mawy ýangyja bolan islegiň ösüşi Hytaýyň, Hindistanyň ykdysadyýeti, Günorta we Günorta Gündogar Aziýanyň ösüp barýan bazarlary üçin kömürden, nebitden öňe geçer.
Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistan Merkezi Aziýada gaz önümçiliginiň ösüşine liderlik eder, Gazagystanda önümçiligiň kuwwaty has çäkli bolar. Özbegistan bolsa 2025-nji ýyla çenli gaz eksport etmekde garaşylýan netijäni bermez.
Göz öňüne tutulýan döwürde Merkezi Aziýadan Hytaýa turbageçiriji arkaly gaz eksporty ýylda 40-45 milliard kub metr diýlip çaklanylýar. Görkezijiler 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende pes, sebäbi Türkmenistandan gazyň eksport akymlarynyň (8%) ýokarlanandygyna garamazdan, Özbegistandan we Gazagystandan gaz üpjünçiligi azalar.