10-njy maýda, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara belarus-türkmen komissiýasynyň mejlisinden soň, Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalinin Belarusyň Tçrkmenistanyň Garabil ýatagyndaky ikinji dag-magdan baýlaşdyryjy kaliý kombinatynyň gurluşygyna hem gatnaşyp biljekdigini aýtdy.
Şonuň bilen birlikde, “Telegraf.by” neşiriniň bellemegine görä, ol golaýda Türkmenistanda Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatynyň işe girizilendigini, emma türkmen tarapynyň Belarus bilen şindem hasaplaşmandygyny aýtdy.
Kalininiň sözlerine görä, Belarus obýekti işe girizmek boýunça öz üstüne alan ähli borjuny ýerine ýetirdi, onsoň biz häzir gutarnykly hasaplaşyag garaşýarys, sebäbi biz hem öz tarapymyzdan potratçy guramalar we material berijiler bilen hasaplaşmaly diýip, ol aýtdy.
Mundanam başga, taraplar iki tarap üçin hem kabul ederlik we mümkin bolan haryt alyş-çalyş operasiýalary barada maslahat etdiler, sebäbi “walýuta konwertasiýasy babatda ähli mesele çözülmedik bolmagynda galýar”.