Türkmenistan Garlyk DMZ-i guran “Belgorhimpromdan” 911 milýon dollary yzyna tölemegi talap edýär

Türkmenistan Garlyk DMZ-i guran “Belgorhimpromdan” 911 milýon dollary yzyna tölemegi talap edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet şirketi Garlyk dag-magdan işläp bejerýän kombinaty guran Belarusyň “Belgorhimprom” APJ bilen hyzmatdaşlykdan ýeten zyýan 911 milýon dollara deň diýip baha berýär.

Bu barasynda “Türkmen.news” neşirine gowşan resminamada aýdylýar.

Stokgolmdaky söwda öýuniň Arbitraj kazyýetinde türkmen tarapyna dünýä belli “Squire Patton Boggs” hukuk şirketi wekilçilik edýär.

Resminamada aýdylmagyna görä, 2018-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistan “Türkmenhimiýa” döwlet şirketiniň we “Belgorhimpromyň” arasyndaky ylalaşygy birtaraplaýyn ýatyrdy. Munuň Stokgolmdaky Arbitraj kazyýetde garalmagy üçin dekabr aýynda arza berildi.

“SRK Consulting и PricewaterhouseCoopersiň“ hünärmenleriniň geçiren tehniki we himiýa auditi boýunça “Squire Patton Boggs“ şirketiniň hukukçylary “Belgorhimproma” 911 milýon dollarlyk arza berdi.

Belarus tarapy Türkmenistanyň talabyny ret etdi we 2020-nji ýylyň 21-nji dekabrynda garşylykly 418 milýon dollarlyk arza berdiler.

Arbitraj seljerme şu ýylyň fewralynda geçirilmelidi. Emma,bu barada ne şirketiň, ne-de Arbitraj kazyýetiň saýtlarynda entek maglumat ýok diýip neşir ýazýar.

-Bahasy 1,1 milýard dollarlyk Garlyk dag-magdan işläp bejerýän zawod 2017-nji ýylyň martynda gurlupdy. Emma, üç ýylyň dowamynda taslama boýunça kuwwatlylyk güýje girmedi. Maglumatlara görä, 2018-nji ýylyň ahyrlarynda kombinat ýyllyk meýilleşdirilen dökünleriň bary-ýogy 2 göterimini öndürdi.

– 2019-njy ýylyň martynda “Belgorhimpromyň”başlygy Wiçeslaw Korşin Garlyk DMZ-niň gurluşygy babatda türkmen tarapyndan talaplar alandyklaryny tassyklapdy.Ol Belarus şirketiniň öz borçnamasy boýunça kaliý toplumynyň bir böleginiň gurluşygyny tamamlamandygyny inkär etmän, munuň türkmen tarapynyň günäsi bilen bolandygyny aýtdy. “Belgorhimpromyň”ýerine ýetiren işleri üçin 150 milýondan gowrak dollary “Türkmenhimiýa” tölemedi.

-2019-njy ýylyň sentiýabrynda Belarusyň prezidenti Lukaşenko Garlyk DMZ meselesini “laýyk” çözmegi tabşyrypdy.

-Öňki prezident Berdimuhamedow Garlyk DMZ-niň işinden närzadygyny birnäçe gezek beýan edipdi.

The post Türkmenistan Garlyk DMZ-i guran “Belgorhimpromdan” 911 milýon dollary yzyna tölemegi talap edýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Garlykdaky kombinaty guran “Belgorhimpromdan” $911 million talap edýär
Türkmen telekeçileri Dubaýda geçiriljek halkara nebit maslahatyna çagyrylýar
Oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary täzelendi
Aşgabatda bir ýarym asyra golaý ýaşan daragtlar ösýär
ÖMÜR DARAGTYNYŇ GÖZELLIGI
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi