Türkmenistan: Gadagançylyga garamazdan, çagalar pagta ýygmaga mejbur edilýär

Türkmenistan: Gadagançylyga garamazdan, çagalar pagta ýygmaga mejbur edilýär

Türkmenistanda çagalaryň pagta ýygymyna çekilmegi gadagan edilen bolsa-da, şu ýyl ýurduň pagta meýdanlarynda ýetginjek ýaşyna ýetmedikleriň geçen ýyllardakydan hem köpdügini, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Neşir özüniň 5-nji noýabrda çap eden maglumatynda, soňky birnäçe ýylyň dowamynda ilkinji gezek Türkmenistanyň käbir welaýatlarynda häkimiýetler tarapyndan çagalaryň köpçülikleýin we guramaçylykly ýagdaýda pagta ýygymyna çekilendigini aýdýar.

“Bu waka mekdep okuwçylarynyň güýzki dynç alyşlary başlananda, ýagny oktýabr aýynyň ikinji ýarymynda başlandy. Ahal we Lebap welaýatlarynyň käbir sebitlerinde mugallymlar we mekdep ýolbaşçylary ene-atalar ýygnagyny geçirip, çagalaryň şunuň ýaly halk bähbitli işlere gatnaşmagynyň wajypdygyny aýtdylar” diýip, neşir belleýär.

Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky ekin meýdanlarda pagta ýygýan çagalar. "Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirinden alnan surat

Maglumatda pagta ýygymyna 5-11-nji klaslarda okaýan mekdep okuwçylarynyň çekilmelidigi barada welaýat, etrap Bilim bölümleri tarapyndan görkezmäniň berlendigi nygtalýar.

Ýatlap geçsek, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri hem Türkmenistanyň Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky oba hem-de etrap mekdepleriniň 5-11-nji klas okuwçylarynyň tas ählisiniň diýen ýaly pagta ýygymyna mejbury çekilýändigini oktýabr aýynyň 24-ne habar beripdi.

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri 5-nji noýabrda hem Daşoguzda we ýurduň beýleki welaýatlarynda ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalaryň pagta ýygymyna çekilmeginiň dowam edýändigini, ýöne bu tejribäniň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda has köp hasaba alnandygyny belleýär.

“Milli howpsuzlyk we Içeri işler ministrlikleriniň işgärleriniň hem-de habar ýetirijileriň berk yzarlaýan şertlerinde, şol regionlarda alnan suratlar muňa anyk tassyknamadyr” diýlip, habarda nygtalýar.

Türkmenistanyň Lebap welaýatyndaky ekin meýdanlarda pagta ýygýan çagalar. "Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirinden alnan surat

“Güýzki dynç alyşlar başlanýança, biziň pagta ýygymyna gatnaşmagymyz gadagan edilipdi.Hatda ýekşenbe günleri hem pagta meýdanlaryna çykmaly däldik.Muňa mekdep ýolbaşçylary we mugallymlar berk gözegçilik edýärdi. Ýöne dynç alşyň öňýanynda, ene-atalar bilen ýygnaklar geçirilip, pagtanyň doly ýygylyp alynmalydygy we oňa çagalaryň hem kömek etmelidigini aýtdylar.

Biz öz deň-duşlarymyz bilen 10 günläp, Sakar we Saýat etraplaryndaky ekin meýdanlarynda pagta ýygdyk” diýip, neşir Türkmenabat şäherindäki mekdepleriň birinde okaýan ýokary klas okuwça salgylanyp ýazýar.

Mundanam başga, neşir Lebap welaýatynda mekdep mugallymlarynyň hem pagta ýygymyna çekilmeginiň dowam edýändigini, ýöne olaryň bu çäräni diňe ýekşenbe günleri amal edýändigini aýdýar.

Hepdäniň dowamynda bolsa, mekdep ýolbaşçylarynyň mugallymlary pagta ýygymyna goýbermän, olaryň deregine hakyna adam tutulýandygyny, munuň üçin mugallymlaryň her birinden günde 10 manat möçberinde pul serişdesini alýandygyny, neşir belleýär.

Şeýle-de, habarda pagta ýygymynyň tamamlanjak senesi barada dürli maglumatlaryň bardygy aýdylyp, bu çäräniň 10-njy dekabra ýa-da 15-nji noýabra çenli dowam etjekdigi bellenilýär.

Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda çagalary pagta meýdanlaryna alyp barýan awtobuslar. "Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirinden alnan surat

Azatlyk Radiosynyň Ahal welaýatynyň Baharly etrabyndaky çeşmeleri şu günler welaýat we etrap resmileriniň kärendeçileriň ekin meýdanlaryna aýlanyp, mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna gatnaşmaly däldigi barada duýduryş berýändigini habar berdiler. Azatlygyň söhbetdeşi çagalaryň pagta çekilýändigi barada Azatlyk Radiosynda peýda bolan maglumatlardan soň, häzirki wagt kärende ýeri bolan daýhanlaryň diňe öz çagalaryny pagta ýygymyna çekip bilýändigini gürrüň berdi.

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň pagta ýygymyna çekilmegi resmi taýdan gadagan edilýär. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan, pagta ýygymynda mejbury zähmetden we çaga zähmetinden peýdalanmakda indi ençeme ýyl bäri tankyt edilýär. Emma türkmen häkimiýetleri bu aýyplamalary häzire çenli ne inkär edýärler, ne-de tassyklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Gollandiýa pişikleriň şotlandiýaly we sfinks görnüşleriniň saklanmagyny gadagan eder
Aşgabatda goýy reňkdäki ulaglaryň hereketine-de çäklendirme girizildi
Türkmen-özbek serhet geçelgelerindäki haryt dolanyşygyna 'çäklendirme girizildi'
Türkmenistan köpaýallylygy kanun taýdan gadagan etdi
Türkmen-eýran wekiliýetleri Tähranda duşuşdy: Türkmenler gaz dawasyny oňşukly çözmegi teklip edýär
Beýik Britaniýa: “Türkmenhowaýollarynyň” Ýewropa Bileleşiginiň çäklerine uçuşlary togtadyldy