
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen “FIT International” maslahat beriş kompaniýasynyň başlygy Kurt Edwards bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda indi ençeme ýyllardan bäri dürli çäreleri gurap gelýän “FIT International” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň üstünlikli alnyp barylýandygyny bellediler.
Taraplar Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan eden 2025-nji ýylda bilelikdäki çäreleri geçirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan okuw we medeni çäreleri guramak boýunça özara pikir alyşdylar.
1999-njy ýylda esaslandyrylan “FIT International” kompaniýasy giň gerimli halkara çäreleri ýokary derejede guraýjy we medeni alyşmalary berkitmekde möhüm gatnaşyjy hökmünde tanatmagy başardy.