Türkmenistan, Finlýandiýa halkara ýük daşamalar pudagynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler

Türkmenistan, Finlýandiýa halkara ýük daşamalar pudagynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler

"Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti we Finlýandiýanyň "Nurminen Logistiks" kompaniýasy halkara ýük daşamalar pudagynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyna gol çekdiler. Degişli resminama Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen "Türkmenistan - maýa goýum we ösüş" atly maýa goýum forumynyň ikinji gününde, penşenbe güni gol çekildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, forumyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň, degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda birnäçe duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda iri britan kompaniýalarynyň wekilleri türkmen bazarynda iş alyp barmaga uly gyzyklanma bildirdiler.

Şeýle hem forumda Aziýa Ösüş bankynyň (AÖB) ýolbaşçysy çykyş etdi. Ol öz çykyşynda bankyň maliýeleşdirmeginde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň halkalaýyn energoulgamynyň taslamasynyň durmuşa geçirilýändigini, şeýle hem ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin hünärmenleri taýýarlajak lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň taslamasyny ýerine ýetirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Şu ýylyň 22-23-nji noýabrynda Londonda "Türkmenistan - maýa goýum we ösüş" atly halkara maýa goýum forumy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň 100-e golaý wekili, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, ABŞ, Hytaý, Germaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly döwletlerden 74 kompaniýanyň 150-den gowrak wekili gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

Aziýanyň ösüş banky “Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk strategiýasy 2024-2028” atly täze strategiýasy bilen tanyşdyrdy
AÖB Türkmenistanyň demir ýol pudagyna tehniki goldawyny berýär
AÖB Türkmenistanyň üstaşyr merkez hökmünde çykyş etmegini goldaýar
Aşgabatda TOPH gaz geçirijisini durmuşa geçirmek meselesine garaldy
Hepdäniň möhüm wakalary: Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtlara halkara ulag gatnawlaryny dikeltmegi tabşyrdy, orta mekdebi tamamlaýan oglanlar üçin harby gullugyň möhleti wagtlaýyn yza süýşüriler, agyz-burun örtüklerini haýsy ýagdaýlarda dakynmaly
Talyplar TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna dört aý soňra täzeden başlamagy söz berýär