Türkmenistan Ferganada Merkezi Aziýanyň metrologlarynyň duşuşygyna gatnaşar

Türkmenistan Ferganada Merkezi Aziýanyň metrologlarynyň duşuşygyna gatnaşar

10—13-nji oktýabrda Özbegistanyň Fergana şäherinde Germaniýanyň Fiziki-tehniki institutynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda hil infrastrukturasyny goldamak we gowulandyrmak taslamasynyň çäginde halkara hünärmenleriň duşuşygy geçiriler.

Muny Türkmenistanyň Döwlet etalon merkeziniň Ylmy-metodiki, marketing we halkara tejribäni öwrenmek boýunça bölüminiň müdiri Aýna Söýünowanyň sözlerine salgylanyp, CentralAsia.news elektron neşiri habar berdi.

Saparyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hil infrastrukturasynyň we metrologiýa institutlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw seminaryny geçirmek we taslamanyň häzirki ýagdaýyny we netijelerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Saparyň çäklerinde Özbek Milli Metrologiýa Institutynyň Fergana bölüminde “Milli metrologiýa institutlary bilen sebit merkezleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk” okuw seminaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hil infrastrukturasy we metrologiýa institutlarynyň wekilleri, şol sanda Türkmenstandartlary Baş döwlet gullugynyň Döwlet etalon merkeziniň wekilleri gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

Özbek awiakompaniýasynyň uçary Türkmenistanda gyssanmaç gonmaly boldy
“Talyban” ýolbaşçylygyndaky owgan hökümeti Aşgabada täze wekil belledi
Ukraýinadan gelen Türkmen studentleri Türkiýede galdylar
Ukraýinadaky söweşler wagtynda Türkmenistanly student dereksiz ýitdi
Özbegistanda elektrik togy kesilende Türkmenistan bilen Gyrgyzystan ýardam berdi
Özbegistanda elektrik togy kesilende Türkmenistan ilkinjileriň biri bolup kömek berdi