Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky söwda dolanyşygy häzirki dowam edýän eýran ýylynyň dokuz aýynda 1,03 million tonna we 358,850 million amerikan dollaryna deň boldy. Bu barada Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük gullugyna salgylanyp, Financial Tribune eýran neşiri habar berdi.
Hazarýaka döwletleriniň arasynda söwda dolanyşygy hasabat döwründe 1,63 milliard dollara hem-de 2,86 million tonna barabar bolan Russiýa Eýranyň esasy hyzmatdaşy boldy. Türkmenistan bolsa bu babatda Azerbaýjandan soň üçünji orunda ýerleşdi.
Şeýle hem habarda Eýranyň Hazarýaka döwletleri bilen çig nebit eksportyndan daşary söwdasynyň şu eýran ýylynyň ilkinji dokuz aýynda (21-nji mart - 21-nji dekabr) 5,1 million tonna ýetendigi bellenilýär.