
Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypow Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky (Tähran şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün, 24-nji noýabrda degişli Permana gol çekdi.
Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi. Şeýle-de döwlet Baştutanynyň gol çeken ýene bir Permany esasynda, Ylýas Akmuhammedowiç Gaýypowa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik dereje berildi.