Türkmenistan Eýran bilen sebitara gatnaşyklary pugtalandyrýar

Türkmenistan Eýran bilen sebitara gatnaşyklary pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly Ylýas Gaýypow Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkiminiň ykdysady işler boýunça orunbasary Hasan Nurizadeh bilen duşuşdy.Duşuşykda taraplar sebitara hyzmatdaşlyk babatda belläp, Mary welaýaty bilen Horasan Rezawi welaýatynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşi hem-de bu gatnaşyklary has-da ösdürmek boýunça gün tertibindäki möhüm ugurlar hakynda pikir alyşdylar.

Bu barada Türkmenistanyň Maşat şäherindäki diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça barha ösýändigini bellediler. Hususan-da, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Ýene degişli makalalar

Maşatda Türkmenistanyň we Eýranyň işewür toparlarynyň duşuşygy geçirildi
Eýranyň Horasan Rezawi welaýatynyň wekiliýeti Türkmenistana sapar bilen geler
Eýran bilen Türkmenistanyň telekeçileri söwda mümkinçiliklerini giňeltmegi maslahatlaşdylar
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Türkmen telekeçileri we işewürleri eýranda saparda boldular
Aşgabatda Mosartyň eserleri ýaňlandy