Şu günki güne çenli esasan hem Hytaýa we Russiýa eksport edilen türkmen gazynyň Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa ugradylmagy babatynda işler geçirilýär.
Türkmenistan 50 trillion kub metrden gowrak tebigy gaz ätiýajy bilen dünýäde 4-nji orunda durýar. Ýurtda 5 trillion kub metr tebigy gaz ätiýajyna eýe bolan 149 täze tebigy gaz gory tapyldy.
TRT-niň Aşgabat şäherindäki wekili Ugur Sami Gezer: “Türkmenistanyň territoriýasynyň uly bölegini Garagum çöli emele getirýär. Emma çöl bilen gurşalan geografiýanyň aşagynda baý tebigy gaz gorlary bar. Ine häzirki wagtda içi ýanýan Derweze gaz krateri hem şolaryň birini emele getirýär” diýip belledi.
27 trillion kub metr ätiýajy bilen ýurduň gündogaryndaky Galkynyş sebitinden her gün 2 million kub metr gaz çykarylýan bolsa, ýurduň günbataryndaky Balkan sebitinden 2025-nji ýyla çenli ýylda 11 milliard kub metr tebigy gazyň çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Hazar deňizinde 6,1 trillion kub metr tebigy gaz ätiýajynyň bardygy çak edilýär. 2015-nji ýylda ýurduň ähli tebigy gaz liniýalary bir ulgam bilen birleşdirildi we şol ulgamyň üsti bilen mawy ýangyç dünýä bazarlaryna eksport edilmäge başlandy.
Türkmen gazynyň iň uly alyjysy bolan Hytaýa şu günki güne çenli 260 milliard kub metr tebigy gaz eksport edildi. 3 aýry geçiriji bilen Özbegistandan we Gazagystandan geçip, Hytaýa uzap gidýän geçirijiniň 4-nji liniýasynyň hem işläp başlamagy bilen şol ýurda ýylda 65 milliard kub metr tebigy gaz eksport edilip biliner.
Türkmen tebigy gazynyň eksport edilýän ýerleriniň biri bolan Russiýa ýylda takmynan 50 milliard kub metr tebigy gaz eksport edilýän bolsa, 2021-nji ýyldan başlap Eýran we Azerbaýjanyň üstaşyr Günbatar ýurtlaryna 2 milliard kub metr tebgy gaz eksport edilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistan tebigy gaz eksport çeşmelerini diwersifikasiýa etmek isleýär. Şol sebäpli Owganystanyň we Pakistanyň üstaşyr Hindistana uzap gitjek ýyllyk 33 milliard kub metr göwrümli TAPI tebigy gaz geçiriji turba liniýasynyň gurluşygy dowam edýär.
Trans-Hazar tebigy gaz geçiriji turba liniýasy taslamasynyň üsti bilen bolsa türkmen gazynyň Ýewropa bazarlaryna eksport edilmegi maksat edinilýär.Ady agzalan taslama Türkiye-Azerbaýjan-Türkmenistan Üçtaraplaýyn sammitde ele alynmagyna garaşylýar.
Türkmenistanyň ýylda 30 milliard kub metr tebigy gazy Ýewropa eksport etmek mümkinçiligi bar.