Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär

BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 atly halkara çäresi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan iri we ähmiýetli wakalaryň biri boldy.Forum döwletimiziň dünýä giňişliginde alyp barýan ykdysady diplomatiýasynyň ýörelgelerini hem-de ählumumy energetika howpsuzlygy ýaly örän möhüm ulgamda köptaraply deňhukukly gatnaşyklara taýýardygyny özünde jemledi. “Häzirki döwürde dünýä energetika bazaryna bäsleşik giňişligi we täsir ediş ulgamy hökmünde garamak aradan aýrylmalydyr. Şeýle çemeleşme indi häzirki zamanyň geosyýasy, ykdysady we durmuş hakykatyna, tehnologik taýdan ösen senagat döwrüniň ölçeglerine laýyk gelmeýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýdýar.

Milli Liderimiz gün tertibine häzirki döwürde düýbünden täze usullary işläp taýýarlamak wezipesiniň durýandygyny öňe sürýär.Bu usullar ählumumy energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak esasynda dünýä ösüşiniň hereketlendiriji güýjüne öwürmelidir.

Energiýa hyzmatdaşlygyna gatnaşyjylar tebigy serişdelere we ekologiýa jogapkärli hem-de aýawly garamalydyr.Energiýanyň çeşmeleri bolan serişdeleriň adalatly paýlanylmagyna we sarp edilmegine gönükdirilen giň jemgyýetçilik talaplaryny hasaba almalydyr.Bular barada dünýäniň 42 ýurdundan öňdebaryjy kompaniýalaryň 113-sinden ýokary wezipeli wekilleriň üç ýüzden gowragyny bir ýere jemlän Dubaýdaky uly çärede gürrüň edildi.

Bilermenleriň ara alyp maslahatlaşmagyna çykarylan esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy hem-de ýurdumyzdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaýa hem-de degişli kanunçylyk binýada esaslanan türkmen uglewodorod ulgamynyň maýa goýum mümkinçiligi baradaky meseleler boldy. Şunuň bilen baglylykda, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň başyny başlaýjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäniň energetika bazaryna döwletimiziň gatnaşmagynyň häsiýetiniň üýtgemegi baradaky garaýşyna aýratyn üns bermek gerek.

Hususan-da, milli Liderimiz Biz nebitgaz ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmakdan, täze döwrebap önümçilikleri döretmegiň hasabyna onuň düzümlerini giňeltmekden ugur alýarys. Şu babatda tebigy gazy gaýtadan işlemek we önümleriň täze görnüşlerini çykarmak biziň üçin ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Bu ugurda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda uly işler amala aşyrylýar diýip nygtaýar.Gyýanlyda we Garabogazda gurlan gazhimiýa toplumlary, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän dünýäde ilkinji zawod gazy has düýpli we toplumlaýyn gaýtadan işlemäge örän uly ähmiýet berilýändiginiň mysallary bolup hyzmat edip biler. Şol bir wagtda-da TOPH gaz geçirijisiniň gurulmagy tutuş sebitiň ykdysadyýetini ösdürmek üçin strategiki ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, bu taslama durmuşa geçiriler, özi-de ýakyn geljekki aýdyň möhletlerde amala aşyrylar.

Mejlislerde çykyş eden öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalaryň wekilleri ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda özara bähbitli hyzmatdaşlyga hem-de TOPH transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.Biziň energetika strategiýamyz energiýa geçirijileriň köp görnüşli we giň gerimli bolmagyna esaslanýar. Şeýle hem halkara energetika işlerine gyzyklanmasy artýan ýurtlary barha köp çekmäge gönükdirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär hem-de munuň döwletleriň we çäkleriň gurluşynyň haýsydyr bir emeli usulyny aňlatmaýandygyny nygtaýar.

Bu ýerde gürrüň geoykdysadyýetiň anyk ýörelgeleri barada barýar.Energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýa ýoly bilen iberilmegi, bu serişdeleriň goşmaça iberilýän ugurlarynyň gurulmagy ählumumy energiýa howpsuzlygynyň, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ähli ulgamynyň durnukly bolmagynyň aýgytly şertine öwrülýär.

Bu gatnaşyklaryň bir taraply we gurluş taýdan utgaşyksyz bolmazlygyny kepillendirýär.Biziň pikirimizçe, energetikanyň durnukly bolmagy şu meselede jemlenendir.Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, ägirt uly tebigy serişdeleriň bolmagyndan, döwletimiziň geografiýa taýdan amatly ýerleşmeginden hem-de üstaşyr mümkinçiliginden ugur alýar.

Munuň şeýle bolmagyna Türkmenistanyň sebitde we yklymda iri ulag-logistiki merkeze öwrülmegi hem ýardam berýär.Milli Liderimiz Türkmenistanyň Mejlisinde ýakynda bolan duşuşykda Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Kanuny kämilleşdirmegiň zerurdygyna deputatlaryň ünsüni çekdi.

Kanunda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan we bäsleşige ukyply önümleri çykarýan kärhanalaryň döredilmeginiň höweslendirilmegi göz öňünde tutulmalydyr.Dubaýdaky halkara çäresinde garalan özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda agyr işlenilýän känleri özleşdirmekde, gazhimiýa taslamalaryna, TOPH transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin ägirt uly “Galkynyş” känini senagat taýdan işlemegiň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmäge maýa goýumlary çekmek meselesi boldy.

Forumyň çäklerinde geçirilen TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” diýen egelek stolhem-de hukuk we salgyt ugurlaryna degişli okuw maslahaty Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň bütin dünýä belli kompaniýalaryň birnäçesiniň esasy menejerleri bilen bolan gepleşiklerinde ara alnyp maslahatlaşylan meselä öwrüldi.

Bolup geçen tanyşdyrmalar ýurdumyzyň häzirki zaman maýa goýum babatda abraýynyň kemala gelmeginde möhüm goşant boldy.Energiýa serişdelerini öndürmekde we ibermekde jogapkärli hem-de ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistan meselelere ylalaşykly, özara kabul ederlikli çemeleşmeleri işläp taýýarlamak maksady bilen, dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri, halkara guramalar we maliýe institutlary bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge taýýardyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy hakyky maýa goýum taslamasydyr.

Kanunçylyk taýdan kepillikler, döwlet tarapyndan berilýän goldaw hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň TOPH-nyň gurluşygyny şahsy gözegçiliginde saklamagy bu taslamanyň özüne çekijiligini barha artdyrýan ýagdaýlar bolup çykyş edýär.

Dubaýdaky forumda daşary ýurtly bilermenler baý tebigy serişdelerini sebitde we dünýäde parahatçylyga, durnuklylyga hem-de gülläp ösüşe ýardam bermek üçin peýdalanýan Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti barada-da pikirlerini aýtdylar. Şunda Owganystana berilýän goldaw mysal hökmünde getirildi.

TOPH gaz geçirijisiniň, TOP elektroenergetiki we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy hem-de milli Liderimiziň öňe süren ulag hem-de ynsanperwer ulgamyndaky taslamalary şol goldawyň käbir görnüşleridir.Häzir Türkmenistanyň gazhimiýa we nebiti gaýtadan işleýän pudagynyň geljekki ösüşine onuň ekologiýa ugruny göz öňünde tutmazdan garamak mümkin däldir.

Dünýäde uglewodorod serişdelerini ýokary ekologiýa talaplaryna laýyklykda çykarmak häzirki wagtda onuň netijeliligine baglydyr.Biziň umumy wezipämiz ekologiýa taýdan deňeçerligi gorap saklamak bilen, ykdysady bähbitleri we halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan energiýa serişdeleri çykarylanda ekologiýa howplaryny azaltmak üçin, halkara guramalary bilen mundan beýläk-de giň gerimli we işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Biz önümçilik ulgamlaryna netijeli gorag tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga, häzirki zaman dolandyryş çözgütlerini ulanmaga çalyşýarys.Häzirki döwürde bu ugurda zerur işler alnyp barylýar we özüniň gowy netijelerini berýär. Ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini çykarmagyň usullary häzirki wagtda iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýär.

Döwletimizde bu ugurda zerur kadalaşdyryjy hukuk binýady döredildi. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara çäresiniň dowamynda daşary ýurtlaryň birnäçe kompaniýalary nebitgaz, nebiti gaýtadan işleýän hem-de himiýa önümçiliklerinde kömürturşy gazynyň (СO2) howa bölünip çykarylmagyny azaltmak bilen baglanyşyky tehnologiýalaryny görkezdiler.

Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlaryny işlemäge maýa goýumlaryny çekmek baradaky mesele aýratyn gyzyklanma döretdi.Häzirki wagtda bu ulgam 32 sany ygtyýarlylandyrylan topluma bölünendir. Şolaryň 5-sinde daşary ýurt kompaniýalary tarapyndan geologiýa-gözleg işleri hem-de känleriň özleşdirilmegi alnyp barylýar.

DRAGON OIL (Türkmenistan) Ltd.kompaniýasynyň Çeleken şertnamalaýyn çägi boýunça 2020-nji ýylyň başyndaky ýagdaýa görä, umumy maýa goýumynyň möçberi ABŞ-nyň 7 milliard dollaryna deň boldy, işläp başlanyndan bäri (2000ý.) nebiti gazyp almagynyň umumy mukdary 45 million tonndan gowrak boldy.

Nebitdag şertnamalaýyn çägi boýunça işleýän ENI (Türkmenistan) Ltd.kompaniýasy 2020-nji ýylyň başyndaky ýagdaýa görä, ABŞ-nyň 2,1 milliard dollaryndan gowrak serişdäni maýa goýdy, 1997-nji ýyldan bäri bolsa, 18 million tonna golaý nebit gazyp aldy.

Hytaýyň СNPС milli nebitgaz korporasiýasynyň Bagtyýarlyk şertnamalaýyn çägi boýunça maýa goýumynyň umumy möçberi 2020-nji ýylyň başyndaky ýagdaýa görä, ABŞ-nyň 8,2 milliard dollaryndan gowraga deň boldy, 2017-nji ýyldan bäri gazyp almagynyň mukdary bolsa: kondensat babatda 1,5 million tonnadan gowraga, gaz babatda 100 milliard kub metrden gowraga barabar bolup, şonça gazyň 93 milliard kub metre golaýy daşary ýurtlara ugradyldy. Şeýle hem Hazarda Hazar konsorsiumy işleýär. Şonda Türkmennebit konserni we MITRO International Ltd.

kompaniýasy Malaýziýanyň PETRONAS, Buried Hill Serdar Ltd.kompaniýalary, ARETI halkara kompaniýalar topary onuň operatorlary bolup çykyş edýär.Dubaýdaky halkara çäräniň umumy mejlislerinde, şeýle hem ulanmak mümkinçiligi bolan känleri işjeňleşdirmek, ýeriň jümmüşindäki nebit känleriň gazylyp alnyşyny ýokarlandyrmak baradaky taslamalara garaldy, maýa goýum taslamalarynda hyzmatdaşlyk etmegiň täze gurallary ara alnyp maslahatlaşyldy.Ýokary derejeli hünärmenler dünýädäki gaz ulgamynyň ýagdaýlary, nebit önümleriniň bazar strategiýalary we beýlekiler barada pikir alyşdylar.

Türkmen uglewodorod serişdelerini hem-de çuňňur gaýtadan işlenilýän gaz önümlerini daşarky bazarlara çykarmak boýunça täze teklipler we çözgütler beýan edildi.Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýeti düýpli geostrategik we gurluş taýdan ilerlemeleri başdan geçirýär. Örän köp adam mümkinçilikleri we senagat serişdeleri, tehnologik mümkinçilikleri, maýa goýum taýdan özüne çekiji bolan ösüşiň täze merkezleri emele gelýär, goşulyşýan giňişlikler döreýär.

Bu üýtgeşmeler energiýa serişdelerini ibermegiň halkara ugurlaryna, olaryň geografiýa taýdan ýaýraýşyna barha artýan täsirini ýetirýär.Bu ýagdaýlar ählumumy energetika giňişliginiň hereketsiz gurluş däl-de, eýsem, janly, üýtgäp duran hakykatdygyny görkezýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Dubaýda geçirilen halkara nebitgaz çäresi ýurdumyza şol hakykatyň üýtgeşmelerinden habarly bolmak bilen birlikde, şolara gönüden-göni täsir etmäge-de mümkinçilik berýär. Örän kuwwatly energetika döwleti bolan Türkmenistan çig mal ulgamyna örän baý bolmagynyň netijesinde däl, ýokary tehnologiýalara eýe bolmaga, netijeli halkara hyzmatdaşlyga tarap ymtylmagynda ýüze çykdy.

Dünýäniň energetika ulgamynda soňky ýyllarda giň gerimli ýokary hilli üýtgeşmeler bolup geçýär. Şol üýtgeşmeler hökümetleri hem-de iri işewürligi öz energetiki strategiýalaryna düýpli düzedişleri girizmegiň zerurlygynyň öňünde goýýar. Çözgüt kabul edýän ýurtlaryň liderleri dogry maglumatlaryň hem-de bilermenleriň teklipleriniň möhümdigine barha oňat akyl ýetirýärler.

Halkara göçme forumynyň işi bilen birlikde, wekiliýetimiziň agzalary tarapyndan daşary ýurt kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi hem-de ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan bilen gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildiren daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň anyk teklipleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň energetika we gazhimiýa taslamalaryna gatnaşmaga ymtylýandygyny bildiren kompaniýalaryň arasynda Fransiýanyň Total we Teshnip FMС, Italiýanyň Marie Teсhnimont kompaniýalary, şol sanda maliýe institutlaryň serişdelerini çekmek arkaly Italiýadan — SAСE, Beýik Britaniýadan — UK Finanсe we Germaniýadan — Deutсhe Bank bar.

BAE-niň Horizon Energy we Transpetrol, Rumyniýanyň Komet Group kompaniýalary täze tehnologiýalaryň we usullaryň esasynda öňden bäri ulanylyp gelinýän nebit känleriniň önümliligini ýokarlandyrmak boýunça taslamalara gatnaşmaga tekliplerini beýan etdiler.

Birleşen Arap Emirlikleriniň Petrofaс kompaniýasy Galkynyş gazkondensat ýatagyny özleşdirmekde Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygyny aýtdy.BAE-niň Dragon Oil kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda Çeleken şertnamalaýyn çägi boýunça häzirki hem-de maksat edinilýän işler baradaky meselelere garaldy.

Italiýanyň Saipem we Pietro Fiorentini hem-de Dana Group Arap kompaniýalary Türkmenistanyň nebitgaz pudagyndaky taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirdiler.Türkmenistanda we dünýäde örän meşhur bolan Britaniýanyň Gaffney Сline Assoсiated konsalting kompaniýasynyň wekili häzirki wagtda Hazar deňziniň türkmen bölegi boýunça täze geofiziki maglumatlaryň seljermesiniň alnyp barylýandygy barada, munuň maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek boýunça teklipleriň toplumyny taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigi barada habar berdi.

Dubaýda Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020 atly wekilçilikli göçme forumyň üstünligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan ösüşlere beslenen daşary syýasatynyň halkara derejesinde ýokary abraýa eýediginiň hem-de ählumumy goldaw tapýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Şol syýasatyň möhüm ugry halkara energetika hyzmatdaşlygydyr.

Duşuşyga gatnaşanlaryň pikirine görä, giň gerimli bu çäräniň ýokary guramaçylyk we intellektual derejesi forumyň garaşylyşy ýaly geçmegi bilen birlikde, onuň sebitiň hem-de dünýäniň durnukly ösüşi babatda türkmen döwletiniň eýeleýän ornuna we alyp barýan wezipesine täzeçe garamaga mümkinçilik berdi diýmäge ýardam etdi.

Munuň özi, Türkmenistanyň bu ulgamda täze we netijeli çözgütleri tapmakda işjeň orny eýelemegi hem-de gyzyklanmasy bilen hemişe tapawutlanýan energetika diplomatiýasynyň dünýä derejesinde işewür-bilermenler jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda örän uly seslenme döredýändiginiň ýene-de bir ajaýyp mysalydyr.

Dünýäniň energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygydyr.Häzirki döwürde bu serişdeler diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge hem mümkinçilik berýär.Durnukly ösüşiň, adamlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, olaryň medeni ösüşe goşulmagynyň kepili bolup durýar diýip, milli Liderimiz belleýär.

Hut şeýle çemeleşme köp babatda biziň geljekki ýaşaýyşymyzyň açaryny berip biler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasaplaýar.BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden hem beýan edilen bu ýörelgeler dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldawyna eýe bolup, durmuşda işjeň öňe ilerledilýär.

Ýene degişli makalalar

Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
26.02.2020 | Türkmenistan energetika we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeldýär
UEFA Çempionlar Ligasynda 1-nji saýlama tapgyryň duşuşyklary tamamlandy
11-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti