Türkmenistan energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistan energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

29-njy iýulda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) we Hyundai Engineering Co. Ltd. (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ADNOC kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Abdulla Al Şamsiniň baştutanlygynda kompaniýanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda Galkynyş gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine 20222024-nji ýyllarda amala aşyran saparlary döwründe nebit we gaz babatda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň berk esaslary goýuldy.

Hususan-da, Galkynyş gaz käninde bilelikdäki işiň anyk ugurlaryny we ölçeglerini kesgitlän möhüm resminamalara gol çekildi.Häzirki döwürde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek işjeň ýagdaýda alnyp barylýar.Taraplar Galkynyş känini özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we düzüm böleklerine jikme-jik seredýärler. Şeýle meýilnamalary durmuşa geçirmegiň Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny bellemek gerek.

Gepleşikleriň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklarynyň biri ADNOC kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny amala aşyrmaga goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň gatnaşmagyny goldaýandygyny birnäçe gezek beýan edendigine üns bermek zerurdyr.

Häzirki döwürde bolsa Türkmengaz döwlet konserniniň ýolbaşçylary Hyundai Engineering Co. Ltd. koreý kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Jung Song Ýonguň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar Galkynyş käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.

Şu gün Türkmengaz döwlet konserniniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýasynyň prezidenti jenap Jung Song Ýongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen nobatdaky gezek geňeşmeleri geçirdi. Duşuşykda taraplar häzirki gatnaşyklar we geljekde Galkynyş gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek barada özara pikir alyşdylar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, wekiliýetler agzalan taslamanyň ähmiýetine ünsi çekdiler, şunda hukuk taýdan üpjünçilik we işiň guramaçylyk meseleleri wajyp orunda durýar.

Koreýaly hyzmatdaşlaryň Galkynyş gaz käniniň özleşdirilmegine gatnaşmagy bilen baglanyşykly Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýasy üçin açylýan mümkinçilikler, bir tarapdan, kompaniýanyň energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan giň mümkinçiliklerini ulanmaga mümkinçilik berse, beýleki tarapdan, gaz pudagyndaky ozal toplanan halkara tejribäni baýlaşdyrar.

Şeýle hem 2023-2024-nji ýyllarda döwlet derejesindäki saparlarda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurdygy nygtaldy. Taraplar ozal ylalaşylan meýilnamalara laýyklykda, yzygiderli duşuşyklary dowam etmegi şertleşdiler.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dostluk, açyklyk we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikler dürli döwletleriň daşary ýurt kompaniýalarynyň Türkmenistanyň energetika pudagynda işlemäge ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek görkezdi.

Ýene degişli makalalar

4 günde 2 esasy garşydaşyny ýeňdi
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Günorta Koreýada Saparda Bolýar
Demirgazyk Koreýa Täze Görnüşli Raketany Synagdan Geçirdi
Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda akademiki küreklemek boýunça ýaryşlaryň netijeleri
Koreýa Respublikasynyň milli ýygyndysy Türkmenistany uly hasap bilen ýeňdi
Niderlandlaryň düzümi mälim edildi, Wan Deýk çagyrylmady