Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy

Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy

14-16-njy noýabr aralygynda Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Begenç Goçmollaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Osaka şäherinde geçirilen EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşyjylaryň duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Çäräniň dowamynda türkmen wekiliýeti Halkara sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitriý Kerkenses, Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary Isi Taku Ýaponiýanyň EKSPO-2025 Bütindünýä sergisiniň assosiasiýasynyň baş sekretary Isige Hiroýuki we öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi.

Gepleşikleriň esasy temalaryndan biri Türkmenistanyň bu abraýly çärä taýýarlyk görmekdäki üstünligi barada boldy. Ýapon tarapy zerur resminamalaryň öz wagtynda tabşyrylandygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu bütindünýä forumyna Türkmenistanyň gatnaşmagynyň möhümdigini belledi.

Hususan-da, milli pawilionyň gurluşygy üçin ýer bölüp bermek dabarasy barada aýratyn durlup geçildi. 2023-nji ýylyň 16-njy noýabry ýer böleginiň resmi taýdan Türkmenistana tabşyrylan güni boldy.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan EKSPO-2025 Bütindünýä sergisine gatnaşýan daşary ýurtlaryň arasynda ýer bölegini alan ilkinji döwlet boldy. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişliginde möhüm ornunyň bardygyny tassyklaýar. Ýer böleginiň berlendigi baradaky resminamanyň gowşurylyş dabarasyna ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

9-njy oktýabrda EKSPO 2023 Doha halkara sergisinde Türkmenistanyň milli güni geçiriler
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretaryny kabul etdi
“EXPO 2025” sergisinden Türkmenistana Milli pawilýonyny gurmak üçin ýer bölegi bölünip berildi
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
PRESS RELEASE: Seventh Project Steering Committee Meeting EU Education Project
Series of Lectures on Global growth, December 2019