Türkmenistan “Dünýäde azatlyk 2022” reýtingde ýene 100-den bary-ýogy iki ball aldy

Türkmenistan “Dünýäde azatlyk 2022” reýtingde ýene 100-den bary-ýogy iki ball aldy

Düýbi ABŞ-ky resmi däl “Freedom House”guramasy “ Dünýäde azatlyk 2022” ýyllyk hasabatyny ýaýratdy. Onda Türkmenistan mümkin bolan 100 baldan 2 ball alyp, “azat däl” ýurtlaryň hataryna girdi.

Siriýa we Sudan Türkmenistandan bir ball az aldylar.

Adatça, halkara guramalaryň hasabatlarynda Türkmenistan bilen bir orunda bolan Eritreýa we Demirgazyk Koreýa 3 balldan alyp, olaryň ählisi “azat däl” ýurtlaryň hataryna girdiler.

Hasabatyň awtorlarynyň sözlerine görä, “Türkmenistanyň awtokrat hökümeti ýurtda Covid-19 ýokanjynyň bardygyny doly inkär etmegini dowam edýär”.

Türkmenistan 2021-nji we 2020-nji ýyllarda hem iki ball alypdy.

Gyrgyzystan 27 ball (azat däl), Gazagystan 23 ball (azat däl), Özbegistan 11 ball (azat däl), Täjigistan 8 ball(azat däl) we Russiýa 19 ball (azat däl) aldylar.The post Türkmenistan “Dünýäde azatlyk 2022” reýtingde ýene 100-den bary-ýogy iki ball aldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Merkezi Aziýanyň iň korrumpirlenen ýurdy- TI
Türkmenistan ýene 'azat däl', 'ýaramazlaryň ýaramazy' boldy
Täçmyrat Bekiýewiň Russiýadan Türkmenistana deportasiýa edilmegine 'taýýarlyk görülýär'
Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi
Diňle: Türkmenistan transmilli repressiýada ilkinji bäşlige girdi