Türkmenistan dünýädäki “iň gymmat” we “haýal” Internetli ýurt

Türkmenistan dünýädäki “iň gymmat” we “haýal” Internetli ýurt

Türkmenistan dünýäniň iň gymmat Internetli ýurtlarynyň arasynda galmagyny dowam etdirýär.

Rus habar serişdeleriniň “yamobi” Internet-proýektiniň analitikleriniň geçiren barlaglaryna salgylanyp berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistan Internetiň gymmatlygy boýunça 100 ýurtdan 97-nji orunda ýerleşip, ondan soň diňe Efiopiýa, Angola we Kongo gelýär.

Analitikler dünýäniň 100 ýurdundaky simli Internet hyzmatlarynyň tariflerini seljerip, olaryň nyrhlaryny ABŞ dollara geçirdiler. Barlagda goşmaça hyzmatlar birikdirilmedik 50, 100 Mbit/s tizlikdäki Internet tarifleiriniň nyrhnamalary öwrenildi.

Hasabata görä, dünýädäki 50 MB/s tizlikdäki iň arzan Internetli bäş ýurduň sanawyna: Ukraina ($3,67), Wenesuela ($3,85), Russiýa ($7), Rumyniýa ($8,4), Bolgariýa ($9,94) giripdir.

Dünýäniň iň gymmat Internetli bäş ýurdy bolsa: Tanzania ($134,09), Türkmenistan ($171,01), Efiopiýa ($210,59), Angola ($236,17) we Kongo ($288) diýlip kesgitlenipdir.

Galyberse-de, Türkmenistan iň haýal tizlikli Internet bilen birlikde, Interneti juda çäklendirýän ýurtlaryň arasynda hem agzalýar. Ýurtda Facebook, Twitter, Wkontakte ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary hem petikli bolmagyna galýar.

Mundanam başga, häkimiýet daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlary, graždan aktiwistlerini we öz pikirini aýtmaga gaýrat tapýanlary yzarlamagy we olara basyş etmegini dowam etdirýär.

Türkmenistan media azatlygy boýunça halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň soňky orunlarda ýerleşdirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan “Internetiň ganym duşmany” diýlip atlandyrylypdy.

Bu aralykda, türkmen prezidentiniň şu aýyň başynda aragatnaşyk ministrine “aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberiniň azalmagyna ýol berlendigi” üçin käýinç yglan edeninden soň, ýurtda “çäklendirilmedik Internet” hyzmatyna ýeňillikli nyrhnamalar girizilipdi.

Ýurtdaky ýeke-täk Internet prowaýderi “Türkmentelekomyň” resmi websaýtynda ýerleşdirilen bildirişe görä, 256 kb/s tizlikli çäklendirilmedik Internetiň bir aýlyk müşderi töleginiň 135 manat bolupdyr. Internetiň bu hyzmaty ozal 190 manada deňdi.

Bellemeli ýeri, bu hyzmata birikdirilmek isleýän raýatlara diňe üç hepde töweregi wagt berlipdir. “Türkmentelekomyň” bildirişinden mälim bolşy ýaly, ýeňillikli nyrhnama diňe şu ýylyň 5-nji oktýabryndan, 10-njy oktýabryna çenli elýeterli bolar.

Şol bir wagtda, “Türkmenistanyň hronikasy” neşiri nyrhlaryň wagtlaýyn arzanladylmagy bilen, ýurtdaky Internetiň dünýädäki iň haýal we gymmat hyzmatlaryň biri bolmagynda galýandygyna ünsi çekýär.

Neşir 131 ýurtdaky Internetiň tizligi barada her aýlyk maglumatlary çap edýän “Speedtest Global Index-iň” hasabatlarynda, Türkmenistanyň ýokdugyny, emma iň erbet netijäni görkezen Wenesueladaky Internetiň 3,42 Mbit/s tizliginiň Türkmenistanda şahsy adamlar üçin hödürlenýän iň ýokary tizlikli Internetden tas 1,5 esse ýokarydygyny belleýär.

Türkmenistanda ADSL liniýalary boýunça hödürlenýän iň ýokary tizlikli Internet 10 Mbit/s deňdir. Emma ol diňe korporatiw müşderiler üçin elýeterli bolup, onuň aýlyk tölegi: hususy firmalar üçin 4 müň 561 dollara, döwlet edaralary üçin-de 3 müň 639 dollara barabardyr.

Ýene degişli makalalar

Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
Gazy eksport ediji döwletleriň forumy Türkmenistanyň gurama agza bolmagyna gyzyklanma bildirýär
“Microsoft” kosmosdan internet hödürlär
OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar
EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy
OPEC döredildi