Türkmenistan Dragon Oil bilen ylalaşygynyň möhletini 2035-nji ýyla uzaltdy

Türkmenistan Dragon Oil bilen ylalaşygynyň möhletini 2035-nji ýyla uzaltdy

30-njy iýunda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda Türkmennebit döwlet konserni Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd. kompaniýasy bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda şertnama gol çekdiler. Bu barada Nebit-Gaz gazetiniň elektron neşiri habar berýär.

Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşygyň esasynda geljek 10 ýylyň dowamynda Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygyny, hususan-da, Çeleken şertnamalaýyn çäginde ýataklary özleşdirmek boýunça işleri çaltlandyrmak göz öňünde tutulýar.Häzir bu ÖPY-niň çäklerinde Jeýtun we Jygalybeg nebitgaz ýataklaryny işläp taýýarlamak Dragon Oil kompaniýasynyň esasy işi bolup durýar, bu ýerde kompaniýa 2000-nji ýylyň maýyndan bäri işleýär hem-de şu döwrüň içinde ABŞ-nyň 8 milliard dollaryndan gowrak maýa goýdy.

Ozal Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd.kompaniýasy bilen Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyga 2000-nji ýylyň 1-nji maýynda 25 ýyl möhlet bilen gol çekilipdi, onuň möhleti 2025-nji ýylyň 1-nji maýynda tamamlanýar.

Ýene degişli makalalar

“Dragon Oil” OGT-2023 halkara maslahatynyň we serginiň göwher hemaýatkäri boldy
"Dragon Oil" Türkmenistandaky işlerini ekologiýa taýdan howpsuz görnüşe geçirýär
Türkmenistanda nebitiň gazylyp alnyşy her gije-gündizde 300 000 barrele ýetiriler
Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
Ýurdumyzyň alpinistleri Gimalaý dagynyň Manaslu gerşinde Türkmenistanyň baýdagyny dikdiler
Dragon Oil Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023 halkara forumynyň göwher hemaýatkäri boldy
Çelekende nebiti gazyp almakda Gazagystanda öndürilen Satti ýüzýän buraw desgasy ulanylar