Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Täze desgalaryň ulanylmaga berilmegi-döwrebap ulag ulgamynyň döredilmeginiň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Geografik taýdan amatly ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen, ägirt uly üstaşyr mümkinçiliklerine eýe bolup, olary has netijeli amala aşyrmaga çalyşýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda berkarar Watanymyzda öňdebaryjy tehnikalar bilen üpjün edilen döwrebap aerowokzal toplumlary, demirýol menzilleriniň binalary ulanylmaga berlip, polat ýollaryň hem-de awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri çekildi, inženerçilik desgalary demirýol we awtomobil köprüleri gurlup, işe girizildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak, şol sanda Demirgazyk-Günorta, Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ähmiýetli ýollary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmek işi dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetiň we ilatyň ulag hyzmatlaryna bolan hajatlaryny doly kanagatlandyrmaga ukyply bolan ulag-kommunikasiýa toplumynyň batly depginler bilen ösüşini ýurdumyzyň dünýäniň gatnawlar ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirýär.

Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlary bilen bilelikde, sebit we yklym ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly pandemiýa döwründe dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösmeginiň esasy şertleriniň birine öwrülýän degişli ulgamy toplumlaýyn ösdürmek ugrunda çykyş edýändigini bellemek gerek.

Häzirki şertlerde döwletleriň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary, ulag gatnawlarynyň durnukly bolmagyny üpjün etmek zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2020-nji ýylyň aprel aýynda koronawirusyň pandemiýasyna garşy göreşmek meselesi boýunça wideomaslahat görnüşinde geçirilen Türki dilli döwletleriň Geňeşiniň sammitinde sözlän sözünde belledi.

“Biz ýurtlaryň we sebitleriň arasyndaky ulag gatnawlaryny, üstaşyr geçelgeleri tiz we doly derejede dikeltmeli, täze ugurlary gözläp tapmaly” diýip, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maýynda Goşulyşmazlyk hereketiniň ýokary derejeli duşuşygynda eden çykyşynda aýtdy. Ählumumy ulag hyzmatdaşlygy babatda Türkmenistanyň garaýşy şol hyzmatdaşlyga yzygiderli we belli bir maksatly häsiýeti çaýmak, şol meseleleri sebit derejesinden halkara derejesine çykarmak -- Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden öňe sürmek zerurlygyna esaslanandyr.

Munuň üçin ýurdumyz 2014-nji, 2015-nji we 2017-nji ýyllarda biragyzdan kabul edilen degişli Kararnamalaryň üç taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň garamagyna hödürledi.

Häzir ulag meselesi bilermenler bileleşigi tarapyndan jikme-jik we gyzyklanma bildirilýän meselä öwrülýär. 2016-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol Aşgabat jarnamasynyň kabul edilmegi bilen tamamlandy.

Içeri kontinental döwletler üçin ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmegi teklip edýär.

Türkmen döwleti BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, ozaly bilen, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy (ÝYK), BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri üçin Ykdysady we durmuş komissiýasy (ESKATO), şeýle hem Halkara awtomobil ulaglary birleşigi ýaly BMG-niň iri hyzmatdaşlary bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeň amala aşyrýar.

Halkara ýük daşamalarynyň ulag-logistika merkezleriniň ulgamyny döretmek şeýle hyzmatdaşlygyň garaşylýan netijeleriniň biri bolup durýar.

Ýewropa-Kawkaz-Aziýa geçelgesi (TRASEKA) sebitiň ýurtlarynyň ulag ulgamynyň multimodal toplumy bolup durýar. Onuň hereket etmegi döwletleriň we sebitleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny we ulag gatnawlaryny ösdürmäge gönükdirilendir. Bu bolsa meşhur taryhy ugurlaryň Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine mynasyp goşant bolup durýar.

...Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat-Daşoguz” awtomobil ýolunyň ugrunda, Aşgabadyň halkara awtoterminalynyň golaýynda gurlan Awtoulag kärhanalar toplumynyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.

Milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Hökümetiň agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşylaýarlar.

Täze toplumyň öňündäki meýdançada ata Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyp özgertmelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandy.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, täze iri desganyň ähmiýetini belledi, ol ýurdumyzyň ulag kuwwatyny has-da berkitmäge we artdyrmaga ýardam eder.

Milli Liderimiz häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, ýol-ulag düzüminde dünýä ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Bu bolsa Türkmenistanyň yklymyň ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmak üçin şol işleriň giňden wagyz edilmeginiň möhümdigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow münbere geçýär hem-de bu ýere ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenýär.

Biz şu gün paýtagtymyz Aşgabat şäherinde häzirki döwrüň iri ulag taslamasy bolan Awtoulag kärhanalar toplumyny we Awtomobil mekdepleri birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkezini açyp, ulanmaga berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlary bu desgalaryň işe girizilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistan Bitaraplygyň mekany diýlip yglan edilen ýylda eziz Diýarymyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Gözel paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda gurulýan dürli döwrebap binalaryň we desgalaryň açylyş dabaralary, şanly seneler baýramçylyk çäreleri bilen utgaşyp, döwrümizi hem-de durmuşymyzy bagtyýarlyga besleýär.

Garaşsyz Diýarymyzyň Ýewraziýa kontinentiniň uly ýollarynyň çatrygynda örän amatly ýerleşmegi ählumumy ösüşi üpjün etmäge, milli ulag mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga giň ýol açýar. Bu GündogarGünbatar we Demirgazyk Günorta ugurlary boýunça gurlan we gurulýan iri transkontinental ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini has-da artdyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Berkarar döwletimiziň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bitaraplyk ýörelgämiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, özara bähbitli dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara ulag-üstaşyr hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Parahatçylygy hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge giň mümkinçilikleri açýar diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny garşylaýan ata Watanymyz mundan beýläk-de özara ynama, deňhukukly we netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan parahatçylyk söýüji daşary syýasaty ýöreder. Dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürer hem-de üstünlikli amala aşyrar diýip, milli Liderimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu gün açylyp, ulanmaga berilýän täze Toplum hem sebit we kontinent derejesinde halkara ulag geçelgelerini döretmek barada Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden öňe süren möhüm we wajyp meseleleriň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasy bolup durýar.

Biziň alyp barýan döwlet syýasatymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga, dünýä bileleşiginiň bähbitleri üçin sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygyny giňden ýola goýmaga gönükdirilendir. Häzirki zaman köpugurly ulag-logistika ulgamyny ösdürmek bolsa, bu syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir

Şundan ugur alyp, biz ýurdumyzyň awtomobil ulaglary ulgamyny ösdürmäge-de hemişe uly üns berýäris. Sebäbi, bu pudak berkarar döwletimiziň ulag-logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. Güneşli Diýarymyzyň sebitlerini baglanyşdyryp, halkara giňişligine işjeň goşulmagyna ýardam berýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleri birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkeziniň ähmiýeti bellenildi. Geljekde bu düzüm çar tarapdan gelýän dostlukly ýollaryň üstaşyr geçýän iri merkezine öwrüler. Tutuş sebitde häzirki zaman ulag-üstaşyr üpjünçilik ulgamyny döretmegiň örän möhüm bölegi bolar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynam bildirdi.

Bu döwrebap Toplum Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga şert döreder. Sebitara gatnaşyklarynyň ösüşine uly itergi berip, Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny amatly ýagdaýa getirmäge uly mümkinçilikleri döreder.

Türkmenawtoulaglary agentliginiň buýurmasy boýunça Weli Gurluşyk hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan Toplum birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleri birleşigini hem-de Awtoulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.

Bu ýerde 150 orunlyk naharhana, ýangyn söndüriji beket, awtoulaglara ýangyç guýýan stansiýa, 1800-e golaý awtobusa, 800 taksä niýetlenen bassyrmalar, 4 sany hyzmat ediş hem-de tehniki dispetçer nokatlary, awtotürgenleşik meýdançasy bar.

Toplumda halkara ölçegleriniň ýokary talaplary, hereket howpsuzlyk kadalary we bu edaralaryň netijeli işlemegi üçin zerur bolan ähli desgalar we enjamlar göz öňünde tutuldy.

Garaşsyzlyk ýyllarynda awtomobil pudagy ýurdumyzyň barha kämilleşýän ulgamlarynyň biri hökmünde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna uly ýardam berip gelýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

ÝewropaKawkazMerkezi Aziýa (TRASEKA) hem-de OwganystanTürkmenistanAzerbaýjanGruziýaTürkiýe (Lapis-Lazuli) halkara ulag geçelgeleriniň iri üstaşyr merkeziniň wezipelerini ýerine ýetirjek bu toplumyň ulanmaga berilmegi bilen, pudagyň işi has-da ilerlär. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň çäklerinden geçýän ulag gatnawlary üçin täze, has oňyn şertler dörär.

Häzirki döwürde Türkmenawtoulaglary agentliginiň öňünde halk hojalyk ýüklerini daşamak, ýurdumyzda öndürilýän, bäsleşige ukyply gurluşyk, dokma we oba hojalyk önümlerini eksport etmek, halkara söwda gatnawlaryny giňeltmek, ýol hereketiniň howpsuzlygyny talabalaýyk üpjün etmek ýaly möhüm wezipeler durýar diýip, milli Liderimiz belledi. Olaryň çözülmegi milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga, häzirki zaman ulag düzümini emele getirmäge, durmuş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge şert döretmelidir.

Sebitiň iri logistiki merkezi bolan Awtoulag kärhanalar toplumy bilen Awtomobil mekdepleri birleşiginiň Okuw-türgenleşik merkezi hem şu möhüm wezipeleri çözmäge ýakyndan hemaýat eder. Goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmäge, ýol hereketiniň howpsuzlygyny kämilleşdirmäge ýardam berer.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, täze Toplumyň işgärlerine bolsa, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barjak işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, çykyşyny “Ýoluňyz ak bolsun!” diýen sözler bilen jemledi. Şol pursatda Döwlet baýdaklary bilen bezelen täze awtobuslaryň we taksileriň toplumy merkeziň howlusyna girip başladylar.

Bu dabaraly pursat Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap batly gadamlarynyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra milli Liderimiz el çarpyşmalar astynda däbe öwrülen toý bagyny kesýär hem-de toplumyň çägine, Awtoulag kärhanalar toplumynyň binasyna girip, merkezi dispetçer nokadyna baryp gördi.

Bu ýerde hünärmen döwlet Baştutanymyzy edaranyň işi hem-de sanly ulgamlar bilen üpjün edilen Awtoulag kärhanalarynyň ýerine ýetirýän hyzmatlary bilen tanyşdyrdy.

Häzir “Türkmenistanyň ulag logistika merkezi” (TULM) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendemirýollary” hem-de “Türkmendeňizderýaýollary” agentlikleri bilen bilelikde logistika hyzmatlarynyň ähli görnüşlerini ýerine ýetirýär.

Hünärmeniň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gürrüň berşi ýaly, bir wagtyň özünde monitorlarda internet-sahypasyny görkezmek bilen, “Türkmenistanyň ulag logistika merkezi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi saýtynda “Bir penjire” ulgamy döredildi.

Elektron serişdesi pudagyň edaralaryna, ýükleriň eksporty-importy we üstaşyr geçirmek bilen meşgullanýan daşary ýurt kompaniýalaryna, hususy kärhanalara logistika işleri, ýol harajatlary barada maglumatlary we beýleki zerur bolan habarlary almaga mümkinçilik berýär.

Islendik ýuridiki ýa-da fiziki şahs bu portaly ulanyp bilýär, şahsy otagy döredip, “Bildirişler” bölüminde ähli logistika çykdajylary barada maglumatlary alyp hem-de multimodal görnüşde dürli ugurlar boýunça degişli sargytlary resmileşdirip bilýär.

Mundan başga-da, web-sahypanyň ýörite bölüminde has zerur bolan ugurlar boýunça ýollaryň hasaplaryny almak bolýar. Mysal üçin, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty barmaly nokat hökmünde saýlanyp alnanda, ol ýere barýan esasy ugurlary görmek, ýük daşamak üçin ulagyň amatly görnüşini kesgitlemek bolýar.

Ulag ulgamyny ösdürmegiň milli maksatnamasy bu pudakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek bilen gös-göni baglydyr. Bu bolsa, öz nobatynda, geosyýasy we geoykdysady ösüşiň umumy hajatlary we meýilleri bilen şertlendirilendir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagyň ýolbaşçylaryna ýüzlendi.

Türkmenistan yklymyň merkezinde ýerleşmek bilen, ýewropa-aziýa-ýuwaş ummany we günorta-aziýa ykdysady ulgamlarynyň özara gatnaşyklary üçin köpriniň wezipesini ýerine ýetirip biler.

Bu gün şol giňişlikleriň içinden birinji derejeli awtomobil ýollary we polat ýollary geçip, ýurdumyzyň sebitlerini birleşdirýär hem-de iri ulag merkezleri we halkara ýollary bilen kesişýär.

Bularyň hemmesi oýlanyşykly we düýpli meýilleşdirilen strategiýanyň esasynda döredildi.Bu ýerde gürrüň Ýewraziýa giňişligini gurşap alýan, Gara deňiz we Baltika deňzi sebitleriniň, Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz terminallaryna, şeýle hem Hytaý ýaly kuwwatly ykdysady merkezlere çykýan ulag ýollarynyň köp şahaly, toplumlaýyn, birleşen düzüminiň we üstaşyr geçelgeleriň gurluşygy dogrusynda barýar.

Munuň özi hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň döredilmegini aňladyp, dünýäniň geoykdysadyýetinde hakyky täzeçillik pikiri, ony ösdürmegiň mümkinçilikleri bolup durýar.

Türkmenistan goňşy döwletler bilen bilelikde, möhüm taslamalary yzygiderli amala aşyrýar. Demirgazyk-Günorta ugry boýunça Gazagystan-Türkmenistan Eýran demir ýoly munuň aýdyň subutnamasydyr.

Beýleki giň gerimli taslama -- TürkmenistanOwganystanTäjigistan polat ýolunyň gurluşygy bolup, onuň amala aşyrylmagy sebitiň döwletleriniň iri halkara bazarlaryna çykmagyna mümkinçilik berer. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa sebitiniň deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlary bilelikdäki tagallalary bilen, sebitara gatnawlary üçin öz çäklerinden amatly üstaşyr ýollarynyň geçirilmegini üpjün edip bilerler.

Şol şertleri nazara almak bilen, ýurdumyzyň ulag ulgamy halkara ölçeginde durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge ukyply bolan kuwwatly birleşdiriji serişde hökmünde çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz ulag hyzmatlarynyň hiliniň hem degişli derejede bolmalydygyny aýtdy hem-de bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

“Türkmenawtoulaglary” agentliginde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen däbe öwrülen ýol hatlaryny elektron ýol kartlaryna geçirmegiň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Şeýle hem kärhanada ähli işler sanly görnüşde şekillendirilýär, statistika hasaby hem elektron görnüşinde alnyp barylýar.

Mysal üçin, sürüji işe girişmek bilen, ilkinji nobatda, elektron iş meýilnamasy bilen tanyşýar, soňra nobatçy lukmanyň ýanyna barýar. Lukman, öz nobatynda, sürüjini elektron ýol kartasy boýunça deňeşdirip, onuň işe ukyplylygyny barlaýar hem-de maglumatlar binýadyna girizýär.

Soňra sürüji özüne berkidilen awtoulagda nobatçy mehanigiň ýanyna barýar. Mehanik, öz nobatynda, ykjam abzalyň kömegi bilen tehniki gözegçiligi geçirýär. Awtoulag serişdesiniň bellenilen ugur boýunça ýola çykandygy barada elektron ýol kartasyndan maglumatlar binýadyna girizýär.

Monitoring awtoulag serişdeleriniň hereketine, ýagny şäher boýunça hereketine, tizligine, geçen aralygyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär. Sürüjiniň iş wagty tamamlanandan soň, nobatçy dispetçerler tertipnama laýyklykda, degişli bellikleri edýärler, şondan soň, sürüji awtoulag serişdesini Türkmenistanyň ulag logistika merkezinde goýup gidýär.

Sanly ykdysadyýetiň köpugurlylygy ähli pudaklaryň, hususan-da, ulag toplumynyň işini özgertmegi göz öňünde tutýar. Bu pudak durmuş önümçilik düzüminiň esasyny düzýär hem-de ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmekde möhüm orun eýeleýär.

Bu pudak ýükleriň agramly bölegini daşamaga mümkinçilik berip, haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak üçin şertleri döredýär, önüm öndürijileri we sarp edijileri bir bitewi ulag-logistiki ulgamyna baglanyşdyrýan esasy halka bolup durýar. Şonuň üçin ony sanly ulgama geçirmek hem-de umumydünýä ulag sanly giňişligine goşulmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz şu günki waka barada Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýazgy galdyryp, ýeňil awtoulaglaryň, kiçi awtobuslaryň birnäçesini sowgat berdi.

Soňra toplumyň çäginde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Awtoulag kärhanalar birleşigine täze gelen awtoulaglar görkezildi. Milli Liderimiz olaryň häsiýetnamalary we üpjünçiligi bilen tanşyp, awtomobil gatnawlaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň sebitleriň arasyndaky kommunikasiýalaryň beýleki görnüşleri bilen birlikde, awtoulag pudagynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, halkara ulag ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin Türkmenistanda uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm halkasy bolup, häzirki döwürde hem taryhy ýoly innowasion taýdan dikeltmekde möhüm orun eýeleýär.

Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, ýurdumyzyň çäginden geçýän ýük akymlarynyň we möçberleriniň ýylsaýyn artmagyna garaşylýar. Bu ýagdaýy nazara almak bilen, Türkmenistan ulag ulgamyny ösdürmegi ugur edinýän milli, şeýle hem sebit we halkara ähmiýetli giň gerimli taslamalary amala aşyrýar.

Umuman, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň batly depginlerde ösdürilmegi täze durmuş-ykdysady şertleriň döredilmegine, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňelmegine, goňşy ýurtlar, şeýle hem dünýäniň beýleki döwletleri we halklary bilen dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň berkemegine ýardam edýär.

Halkara ölçeglerine kybap gelýän hem-de ulag geçelgeleriniň netijeli işlemegini üpjün edýän, şeýle hem umuman, ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrmaga ýardam edýän döwrebap logistika merkezleriniň döredilmegi ulag-kommunikasiýa düzümini kämilleşdirmegiň möhüm bölegi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we halkara ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Biziň ýurdumyz goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we ösdürmäge uly ähmiýet bermek bilen, olar bilen dürli ugurlarda, şol sanda ulag ulgamynda bilelikdäki iri taslamalary amala aşyrýar.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, milli Liderimiz täze gurlup ulanylmaga berlen, döwrebap transkontinental üstaşyr-ulag ulgamyny kemala getirmekde esasy halkalaryň birine öwrüljek toplumyň ähmiýetini ýene bir gezek belläp, awtoulag kärhanalarynyň işgärlerine üstünlikleri arzuw etdi.

Umuman, şu günki dabaralar halkara ýollarynyň strategik taýdan ähmiýetli çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň üstaşyr-ulag kuwwatyny doly amala aşyrmak üçin berkarar Watanymyzda uly mümkinçilikleriň döredilýändigini nobatdaky gezek görkezdi.

***

Şeýle hem şu günüň ikinji ýarymynda paýtagtymyzda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen “Jahan” döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar.

Bu waka mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlardan soň, “Jahan” döredijilik merkeziniň açylmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen gutlag haty okaldy.

Toý bagy dabaraly kesileninden soň, binanyň baş girelgesiniň öňündäki meýdançada şowhunly el çarpyşmalar astynda asmana dürli reňkli şarlar uçuryldy.

Binanyň içinde myhmanlary çagalaryň döredijilik topary garşylady. Olaryň joşgunly çykyşlaryndan öň, merkeziň gurluşy bilen tanyşlyk boldy. Merkeziň birinji gatynda ýerleşdirilen tans toparlary üçin zalda dabara gatnaşyjylar tansçylaryň tans edýän pursatlaryny synladylar hem-de konsertlere taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.

Sungatyň bu görnüşine höwes bildirýän çagalaryň, ýetginjekleriň ussatlyk derejesine ýetmekleri, olaryň tans sungatyna, elbetde, aýratyn meşhurlyga eýe bolan milli tanslara çuň aralaşmaklary ugrunda ýörite maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy.Mysal üçin, türkmen halkynyň dünýä beren milli gymmatlygy bolan “Küştdepdi” aýdym-tans sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni gymmatlygynyň bütindünýä sanawyna girizilendigini bellemeli.

Munuň özi ýurdumyzda tans sungatynyň milli ýörelgeleriniň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygynyň we ýurdumyzda ähli toý-baýramlaryň bezegi bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra “Jahan” döredijilik merkeziniň myhmanlary onuň sport zalyna baryp gördüler hem-de türgenleşikleri geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere baha berdiler. Ýurdumyzda gönüden-göni milli Liderimiziň tagallasy netijesinde, köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi, oňa ýurdumyzyň tutuş ilatynyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy bilen baglanyşykly meseleler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döredijilik merkezinde sport ulgamyna degişli aýratyn desganyň bina edilmegi ýurdumyzda sportuň hemişe okuw hem-de kämilleşmek, dynç almak we saglygyňy dikeltmek, işe bolan ukyp-başarnygyňy açmak bilen utgaşdyrylýandygyna nobatdaky gezek şaýatlyk edýär.

Soňra myhmanlar binanyň ikinji gatyna çykdylar hem-de şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk otagy bilen tanyşdylar. Bu ýerde ýaşlaryň çeper döredijilige bolan ukyplaryny açyp görkezmekleri hem-de şekillendiriş sungatlaryny, şeýle hem bu ugurda milli mirasy öwrenmegi üçin ähli şertler döredilipdir.

Merkeziň ses ýazgylar studiýasy dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde täzeçil usullar we sanly ulgam bilen üpjün edilen enjamlaryň kömegi arkaly dürli ýazgylary ýerine ýetirmek bolýar. Şeýle hem merkezde çagalaryň hor toparynyň otagy, wokal-instrumental saz otagy, şeýle hem çeper-tikinçilik otagy bilen tanyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli halyçylyk sungatynyň däpleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna we dowam etdirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Bu sungat halyçy gelin-gyzlarymyzyň zehinleri bilen kämilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz döredijiligiň çaga terbiýesinde uly orun eýeleýändigini belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýaşlaryň sungatyň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny zähmet endikleri bilen sazlaşykly utgaşdyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Munuň özi ýurdumyzda geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, “Jahan” merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy.

Çäre sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy, ol şu günki dabaralaryň bezegine öwrüldi.

Konsertde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgularyna we sazlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Olaryň hatarynda meşhur bolan “Leýlisaç barada rowaýat”, “Ak güllerim saňa”, “Ýadymda”, “Bagt nury” diýen aýdymlar bar. Şol aýdymlary Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowa, Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew hem-de ýurdumyzyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepow ýerine ýetirdiler.

“Dokmaçylar” döredijilik topary, “Meňli”, “Serpaý”, “Laçyn” tans toparlary aýdymçylara baýramçylyk ruhuny götermäge ýardam etdiler.

...Köp adamyň söýgüsini gazanan “Leýlisaç barada rowaýat” aýdymy ýaňlananda, tomaşaçylaryň kalbyny joşgunly duýgular gurşap aldy. Asmanda gaýyp barýan guşy ýatladýan bu söýgi aýdymy öz ýakymly owazy bilen her bir diňleýjiniň kalbyna ýol saldy. Munuň özi aýdymyň ýokary çeperçilik derejesinde ýazylandygyny aňladýar.

“Ak güllerim saňa” atly nurana aýdym hem päk söýginiň beýany bolup, nobatdaky gezek dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Çuňňur mazmuny, ýakymly owazy bolan bu aýdymyň sözleri baharda açylýan gülleri ýadyňa salýar.

Soňra “Ýadymda” diýen aýdym ýaňlanyp başlanda, şadyýan sazyň owazy bagtyýarlygyň gözel sazy bilen utgaşyp gitdi. “Bagt nury” aýdymy bolsa saz muşdaklaryny bendi edip, adamlaryň kalbyny joşdurdy. Ajaýyp aýdymlar kalbymyzy ganatlandyryp, bagtly döwrümizi ruhlandyrýar diýlip, ýöne ýerden aýdylmaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgy setirlerine hem-de Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Sportly Türkmenistan” aýdymy ruhubelentlik bilen joşgunly ýerine ýetirildi. “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine, ýurdumyzyň sportda gazananlaryna hem-de ene topragymyzyň gözelligine bagyşlanan bu aýdym Amyderýanyň kenaryndaky gadymy şäherden badalga alyp, Garagum sährasynyň üsti bilen Hazaryň kenaryna tarap ugurda geçirilen ýaryşyň pursatlaryny hakydaňda janlandyrdy.

Atanyň we agtygyň -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Kerim Berdimuhamedowyň bilelikdäki döredijiliginiň miwesi bolan “Rowaç” atly aýdym täze döredijilik merkeziniň açyk konsert meýdançasynyň ýanynda ýygnanan adamlarda ruhy lezzet döretdi. Ýelden ýüwrük Rowajyň keşbi täze döwrüň ylham-joşgun, ruhubelentlik we döredijilik döwrüniň maksadyny beýan edýär.

Şeýle hem “Toý waspy” atly baýramçylyk çykyşy ýerine ýetirilip, onda çagalykdan köptaraplaýyn ukyp-başarnygy açylan ýaş kompozitor Kerim Berdimuhamedowyň sazly oýlanmasynyň özboluşlylygy öz beýanyny tapdy.

Atasynyň göreldesinden ruhlanan Kerimiň döredýän sazlary, aýdymlary hünärmenleriň, şeýle hem giň köpçüligiň söýgüsini gazandy. Bu bolsa “halypa-şägirt” diýen ýörelgä esaslanan nesilleriň hem-de halkymyzyň milli terbiýeçilik mekdebiniň aýdyň mysaly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň we agtygynyň bilelikde döreden ýene-de bir aýdymy “Arzuw” atly aýdym dabaranyň jemleýji pursatyna öwrüldi. Bu aýdymy konserte gatnaşyjylar bilelikde ýerine ýetirdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu aýdymyndaky şahyrana setirleriň maksady ýetilen sepgitde säginmän, ösmegi we öňe gitmegi, döretmegiň we ösüşiň ýolunda täze mümkinçilikleri açmagy ugur edinýär. Öz öňüňde aýdyň maksatlary goýup, olara tarap dogry ýol bilen gideniňde arzuwlar hasyl bolýar.

Aýdym özüniň ajaýyp owazy, joşgunly setirleri bilen dabara gatnaşyjylaryň kalbyny gurşap, ajaýyp täsirleri döretdi. Munuň şeýledigine dowamly el çarpyşmalar şaýatlyk etdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow logistika merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy
30.10.2020 | Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Türkmenistan döwrebap ulag düzümini döredýär
Aşgabatda täze Awtoulag kärhanalar toplumy açyldy
Aşgabatda täze Awtoulag kärhanalar toplumy açyldy
Arkadagyň ulag diplomatiýasynyň ugry bilen