TÜRKMENISTAN DIALOG ARKALY PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK DÄPLERINI ILERLEDÝÄR

TÜRKMENISTAN DIALOG ARKALY PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK DÄPLERINI ILERLEDÝÄR

4-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada Milli Liderimiziň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

Bu babatda abraýly halkara we sebit guramalary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Ýokary derejeli duşuşyk Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.

Ýene degişli makalalar

Gazagystanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Astanada geçiriljek sammite gatnaşmaga çagyrdy
Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşmagyna garaşylýar
Putin bilen Erdogan Astanada duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wekiliýet Baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşygyna gatnaşýar
Belarus ŞHG-niň doly hukukly agzasy boldy