Serhetsiz reportýorlar guramasynyň metbugat azatlygy boýunça ýyllyk hasabatynda Türkmenistan iki dereje ýitirip, iň yzdaky orna düşdi, Täjigistan öňküsinden 12 dereje aşak gaýtdy, Özbegistan 5 dereje, Gyrgyzystan 15 derejeýokary galdy diýip, guramanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň ýolbaşçysy Ýohan Biir habar berýär.
SRG-nyň metbugat azatlygy boýunça 2019-njy ýyldaky reýtingi barada ýaýradylan metbugat beýanatynda aýdylmagyna görä, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa metbugat azatlygy boýunça Bütindüýä reýtinginde iň yzdakynyň öň ýanyndaky orny eýeleýär. Şol bir wagtda, Moskwa we Ankara örän ýaramaz görelde görkezip, regionda repressiýa meselesinde ýaryşa girene meňzeýär we bu ýagdaý käbir ýurtlara umyt berýär.
Gurama Türkmenistanyň ornuny “gamgyn üstünlik” hökmünde häsiýetlendirýär. “Bu ýyl reýtingde iň soňky orny, Demirgazyk Koreýadan we Eritreýadan ozup,Türkmenistan aldy, ýagny Aşgabat iki dereje aşak düşüp,180 ýurtda geçirilen barlaglarda 180-njj orny aldy.
Bu gümürtik üstünlik häkimiýetleriň bosgunlykda çykyş edýän we iki-ýekebolup galan žurnalistleri hem üznüksiz awlamagynyň kanunalaýyk netijesi boldy diýip, Ýohan Biir ýazýar.Halkara hukuk toparlarynyň mundan öňki ýyllardaky hasabatlarynda hem aýdylyşyýaly, Türkmenistanda metbugat serişdeleri doly döwlet kontrollygynda saklanylýar we olarda köplenç bir adamyň, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsyýeti taryplanýar, ýurtdaky problemalar, prezidentiň geçirýän üznüksiz kadr çalyşmalary we käýinçleri bilen bagly bolmasa, başga adamlar tarapyndan agzalmaýar, regionlardaky kynçylyklar, tebigy hadyslar, hatda paýtagta gelen sil suwlary barada hem türkmen mediasynda habar berilmeýär. Şol bir wagtda prezident Berdimuhamedow habar serişdeleriniň işini yzygiderli tankyt edýär, olaryň ýurtda gazanylýan üstünlkileri ýeterlik beýan edip bilmeýändigini aýdýar we medeniýete we metbugata jogap berýän kadrlaryny yzygiderli täzeleýär.
Ikinji tarapdan, türkmen telewideniýesiniň prezident Berdimuhamedowyň maşyn sürmek, tüpeň atmak, pyçak zyňmak, welosipedli basketbol oýnamak, hökümet mejlisinde ştanga sütünini götermek, kitap ýazmak, at çapmak ussatlyklary barada taýýarlan sýužetleri daşary ýurt habar serişdeleri, şol sanda satiriki telekanallar üçin “göz açyjy” material bolýar.
Mundan başga, Türkmenistanda raýatlaryň öz pullaryna alyp, jaýlarynyň üçeginde oturdan hemra antennalary hem yzygiderli sökülip aýryldy, ýurt içinde baglanan habar saýtlaryna girýän, sosial ulgamlarda öz pikirlerini aýtmaga çalyşýan raýatlaryň ýörite gulluklar tarapyndan soraga çekilýändigi, gorkuzylýandygy hakynda habarlar çykýar, daşary ýurtlardaky, hususan-da Türkiýädäki türkmen ilçileriniň ol ýerde okaýan, işleýän raýatlara yzygiderli basyş görkezýändigi aýdylýar.
Regionda metbugat azatlygy boýunça öňki derejesini ýitirýän ýurtlaryň ýene biri hem Täjigistan bolup duýar. Ýöne bu ýurt, Türkmenistandan tapawutlylykda, 161-nji orny aldy.Emma hasabat Duşenbäniň 12 dereje ýitirip, “gara” zona, howply ýere golaýlaýandygyny duýdurýar. Şonuň bilen bir wagtda, Aşgabatdan tapawutlylykda, Duşenbe şu wagta çenli garaşsyz neşirlere belli bir derejede çydamlylyk görkezip geldi.
Emma indi Täjigistandaky garaşsyz neşirleriň hem ýa ýapylamaga mejbur bolýandygy, ýa daşary ýurtlara bosgunlyga çykyp, internetde petiklenmek, hemişe basyş astynda we öz özlerini senzura salyp işlemek bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklary habar berilýär.
Täjigistandan tapawutlylykda, Özbegistan metbugat azatlygy boýunça derejesini gowulaýar we bu ýyl 5 dereje ýokary garyp, 160-njy orna mynasyp boldy. Ýohan Bir Özbegistandaky gowulaşmany syýasy özgerişligiň metbugat azatlygyna ýetirýän täsiri hökmünde düşündirýär. “Hemme zadyň doňup galana meňzeýän sebitinde göze görnüp duran özgerişlik seýrek bolýar” diýip, Ýohan Bir söz azatlygynyň bütindünýä kartasynda iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň ýerleşýän “gara” zonasyny Özbegistanyň terk edýändigini belleýär.
Onuň pikiriçe, Özbegistandaky maýylganlyk 2016-njy ýylda diktator Yslam Kerimowyň aradan çykmagy bilen başlandy we dowam edýär. “Türmede saklanylýan soňky žurnalistler hem azatlyga çykdy, metbugat käbir ynjyk temalar hakynd ahem ýazmaga başlady.
Emma bu ýurtda uzak höküm süren senzuradan we öz özüňi senzura etmekden dynmak üçin entek köp zadyň edilmegi gerek” diýip, SRG-nyň gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň baştutany ýazýar. Öňki sowet respublikalaryndan Ermenistan täze reýtingde 19 dereje gazanyp, 61-nji orna çyksa, Gyrgyystan 15 dereje gazanyp, 83-nji orna çykdy.
Emma bu iki ýurt özgerişlikleriň ýygy-ýygydan bolýan künjeklerinde ýerleşýär.Türkmenistanyň Hazaryň beýleki kenarynda ýerleşýän goňşusy Azerbaýjan hem, režimiň iň soňkuja tankytçylaryny hem yzarlamagy, ýanamagy dowam etdirip, metbugat azatlygy boýunça reýtingde 3 dereje ýitirdi we häzir 180 ýurduň arasynda 166-njy ýerde ýerleşýär.
Derňew žurnalistikasy öňki SSSR-iň ýurtlarynyň köpüsinde häkimiýetleriň iň ýigrenýän zatlarynyň biri bolup durýar, sebäbi korrupsiýa jemgyýetiň baş problemalarynyň biri bolup galýar.Orsýetde we Azerbaýjanda türmä basylan žurnalistleriň agalabasy şu howply tema bilen meşgullanýardy diýip, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň beýanatynda aýdylýar.