Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gury ýerden nebit gözlemek işlerini güýçlendirer

Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gury ýerden nebit gözlemek işlerini güýçlendirer

Hökümetiň düýn geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow döwlet Baştutanyna ýurduň gury ýerlerinde nebite geljegi uly ygtyýarlylandyrylan toplumlary öwrenmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi ― diýip, Watan habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Bu babatda Uglewodorod serişdeleri hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, gury ýerlerde nebit işlerini geçirmek hem-de täze nebitgaz taslamalaryna daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek maksady bilen, degişli döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan ýörite topary döretmek arkaly Türkmenistanyň çäginiň gury ýerlerinde nebite baý bolan, ygtyýarlylandyrylan toplumlary kesgitlemek hem-de Türkmennebit döwlet konserniniň gyzyklanma bildirýän kompaniýalary bilen toplumlara daşary ýurt maýadarlaryny çekmek boýunça gepleşikleri geçirmek teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň baý uglewodorod serişdelerini giňden ulanmagyň, pudaga maýa goýumlary çekmegiň Türkmenistanda amala aşyrylýan bilelikdäki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam edýändigini nygtady. Döwlet Baştutany nebitgaz pudagyndaky özgertmeleri çaltlandyrmagyň döwrüň talabydygyna ünsi çekip, bu babatda işleri dowam etmek barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
“Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024” atly sergi öz işine başlady
Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy energetika döwleti
Katar Dünýä Kubogyna taýýar
Gury ýerlerdäki nebit ýataklary daşary ýurt maýadarlary bilen bilelikde öwreniler
Saudi Aramco kompaniýasynyň girdejisi artdy