Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar

Türkmenistan Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar

Şu ýyl Türkiýede geçiriljek Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna Türkmenistandan näçe türgeniň gatnaşjakdygy belli boldy. Türkmenistan bu ýaryşa 30 türgen bilen wekilçilik eder.

Ýurduň wekilçilikli topary 42 adamdan ybarat. Türgenlerimizden başga-da 6 tälimçi we resmi wekilleriň 6-sy Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşar.

Türkmenistanyň wekiliýeti ertir ― 27-nji sentýabrda ýola düşer. Türkiýäniň Bursa welaýatynyň Iznik etrabynda geçiriljek Çarwadarlaryň dördünji Bütindünýä oýunlary 29-njy sentýabrda başlanar we 2-nji oktýabra çenli dowam eder.

Ýene degişli makalalar

"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?
Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna bagyşlanan şaýylyklar
Gazagystan Çarwa Oýunlaryna Ýer Eýeçiligini Eder
Gyrgyzystan Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň hormatyna şaýylyk pullary çykardy
Halypalaryň mekdebi halkyň ruhy mirasydyr atly ýatlama çäresi
Türkiýede Çarwadarlaryň IV Bütindünýä oýunlaryna badalga berilýär
Bütindünýä Çarwa Oýunlary Başlaýar