Türkmenistan buzdaky hokkeýiň Halkara federasiýasyna girdi

17-nji maýda buzdaky hokkeýiň Halkara federasiýasynyň (BHHF, IIHF) Kopengagende geçýän kongresinde, bu ýerde geçirilýän dünýä çempionatynyň çäginde, Türkmenistan BKHF-na agzalyga kabul edildi diýip, Гундогар RIA Nowosti neşirine salgylanyp habar berýär.

“Türkmenistan öz borçnamalaryny ýerine ýetirdi. Indi ol BHHF-nyň agzasy we bir sesi bar. Türkmenistana biziň ýaryşlarymyza gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirýäris” diýip, BHHF-nyň baş sekretary Horst Lihtner aýtdy.

Şeýle-de, 19-njy maýda Orsýetiň Hokkeý federasiýasy (OHF) we Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasy (THF) hyzmatdaşlyk boýunça ähtnama gol çekdiler. Bu dokumentiň aşagynda THF-den Jora Hudaýberdiýew we RHF-nyň prezidenti Wladislaw Tretýak gol çekdi.

Dokumentde bilelikdäki çäreleriň: Orsýetiň we Türkmenistanyň ýygyndylarynyň arasynda ýoldaşlyk ýaryşlarynyň, rus hokkeý klublarynyň gatnaşmagyna Türkmenistanda sergi oýunlarynyň gurnalmagy we geçirilmegi bellenilýär.

Neşir Türkmenistanyň prezidentiniň Kubogy ugrunda ilkinji hokkeý ýaryşynyň 2012-nji ýylda geçirilendigini belleýär. 2013-nji ýylda bu ýaryş halkara durumyna eýe boldy. 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň hormatyna ilkinji ýaryş geçirildi.

Türkmenistanyň komandasy 2018-nji ýylda Saraýewoda kwalfikasiýa ýaryşynda ýeňiji boldy.Bu ýerde onuň garşydaşlary Kuweýtiň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bosniýa we Gersegowinanyň hokkeýçileri boldular we ilkinji gezek 2019-njy ýylda dünýä çempionatynda üçünji diwizionda çykyş etmek hukugyny gazandy.

Bu ýaryş 2019-njy ýylyň maýynda Slowakiýada geçiriler.Türkmen hokkeýçilerine Lýksemburgyň, Bolgariýanyň, Türkiýäniň, Taýwanyň we GAR-yň komandalary bilen duşuşmak garaşýar.

Şu günki günde Aşgabatda üç sany ýapyk buz arenasy, şol sanda müň tomaşaçy orny bolan Milli olimpiýa buz köşgi (2006-njy ýylda açyldy) we sportuň gyşky görnüşleri üçin 10 müň orunly Sport toplumy (2011-nji ýylda açyldy) bar.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: ikinji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär
2023-nji ýylyň sport kalendary