Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Rumyniýa amala aşyrýan resmi saparynyň çäginde Buharest uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlygy boýunça prorektory Konstantin Wika bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Bilim ministirliginiň resmi saýtynda berilýän habara görä, duşuşyga Buharest uniwersitetiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň müdiri we Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň işgärleri hem gatnaşdy.
Habarda bellenilişi ýaly, rumyn tarapy türkmen kärdeşlerine Buharest uniwersitetiniň taryhy we ýokary okuw mekdebiniň ylmy-barlag şeýle-de, bilim işleriniň esasy ugurlary, şol sanda käbir innowasiýa ugurlary barada giňişleýin gürrüň berdi.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew türkmen ýokary okuw mekdebiniň Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýandygyny belläp, iki uniwersitetiň arasynda akademiki hereket, şol sanda talyp alyş-çalşygy barada şertnamanyň taslamasyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar halkara arbitraž kanunçylygynda bilelikdäki magistratura maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge gyzyklanma bildirdiler.
Taraplar ýakyn geljek üçin özara bähbitli gatnaşyklaryň barha berkemegi ugrunda ylalaşyklary gazandylar diýlip, habarda bellenilýär.