Türkmenistan Bütindünýä ulag güni Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlady

Türkmenistan Bütindünýä ulag güni Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlady

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň üçünji mejlisini geçirdi. Onlaýn ýagdaýda geçen mejlisde Türkmenistanyň Bütindünýä ulag güni Kararnamasynyň taslamasyny taýýarlaýandygy mälim edildi. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugy tarapyndan habar berildi.

Bu çärä Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň agzalary bolan ýurtlaryň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilleri gatnaşdylar.

Bütindünýä ulag güni Kararnamasynyň taslamasy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan onuň 16-njy maýda geçiriljek umumy mejlisinde garalar. Degişli wekiller Merkezi Aziýa ýurtlaryna bu ugurda güýçli goldaw berýändiklerini mälim etdiler.

Mejlisde Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň çäginde Maslahat geňeşini döretmek baradaky konsepsiýanyň taslamasy barada çykyş etdi. Geňeşiň işi analitiki materiallary taýýarlamaga gönükdiriler.

Durnukly ulag boýunça Dostlar toparynyň indiki mejlisi dekabr aýynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde geçirilen açyk çekişmä gatnaşdy
BMG-de Türkmenistan bilen Braziliýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyk geçirildi
Türkmenistan Owganystanyň goňşularyny "Talyban" bilen hyzmatdaşlyk saklamaga çakylygy
BMG-niň Baş Assambleýasy Merkezi Aziýany parahatçylygyň zolagy diýip yglan etdi
IJF reýtingi täzeledi. Türkmenistanly dzýudoçylar näçinji orunda?