Türkmenistan Bütindünýä metan borçnamasyna goşular

Türkmenistan Bütindünýä metan borçnamasyna goşular

10-njy iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagyny öwrenmek meselesine gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2023-2024-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň taslamasy barada hasabat berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilelikde işläp taýýarlan Ýol kartasynyň taslamasynda degişli çäreler toplumy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna birnäçe teklipler, şol sanda Bütindünýä metan borçnamasy (BMB) barada habardarlygy ýokarlandyrmak maksady bilen, halkara düzümleriň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny we “tegelek stollary” geçirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen metan zyňyndylaryny azaltmak babatynda synag taslamalaryny işläp düzmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler hödürlenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri üçin Bütindünýä metan borçnamasyny durmuşa geçirmäge gatnaşýan dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezlerinde we kompaniýalarynda iş tejribeliklerini guramak teklip edilýär.

Mundan başga-da, Metan zyňyndylaryny azaltmak babatyndaky halkara obserwatoriýasy (IMEO), BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy (UNEP) bilen bilelikde ylmy barlaglary, şeýle hem degişli milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen okuw maslahatlaryny geçirmek boýunça teklipler beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ekologiýa, şol sanda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirlerini azaltmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde üýtgewsiz işjeň orny eýeleýändigini nygtady.

Döwlet Baştutany milli derejede howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň ýerine ýetirilmegini, şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmek, bu ulgamda halkara guramalar we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça çäreler toplumynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýan Ýol kartasynyň hödürlenilen taslamasyny makullady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň geljekde hem sebit we ählumumy derejede netijeli ekologiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa bu möhüm ugurda işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen hyzmatdaşlyga ygrarly
Türkmenistan we UNEP daşky gurşaw meselelerini çözmek bilen baglanyşykly birnäçe meseläni ara alyp maslahatlaşdy
Suwsuz deňiz. Türkmenistanyň kaşaň dynç alyş zolagyndan suw çekilýär
Türkmenistan howanyň üýtgemegi bilen bagly ilkinji ýokary derejeli sebitleýin syýasy dialoga gatnaşdy
BMG: her ýyl milliard adamlyk azyk zibile atylýar
Türkmen wekiliýeti Galyndysyz dünýä boýunça BMG-niň maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistan metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň üstünde işlär